Habarlar

Aşgabatda halkara aýdym-saz festiwaly açyldy

28-11-2022 / 10

Şu gün – 28-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde  «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň we maslahatyň açylyş dabarasy boldy.

Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň festiwala we maslahata gatnaşyjylara ýollan Gutlagy okaldy. Gutlag üçin medeniýet we sungat işgärleriniň gyzgyn elçarpyşmalary tüýs ýürekden çykýan hoşallygyň alamaty bolup ýaňlandy.

Festiwalyň açylyş dabarasynyň dowamynda nusgawy sazlarymyzdyr halk aýdymlarymyz ýerine ýetirildi. 

Festiwalyň dowamynda daşary ýurtly sazandalaryň türkmen kärdeşleri bilen döredijilik duşuşygy we ussatlyk sapaklary, daşary ýurtly aýdym-saz toparlarynyň konserti, şeýle hem myhmanlaryň paýtagtymyzyň gözel ýerlerine gezelençleri  meýilleşdirilýär.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu