
Gelip çykyş taryhy gadymy döwürlere degişli eldekileşdirilen kepderiler adamyň hyzmatynda bolupdyr. Muny gadymyýetden galan ýyl ýazgylary, halk hakydasynda galan gürrüňler, çeper eserlere siňen söhbetler hem tassyklaýar.
Kepderiler şa köşklerinde hem saklanypdyr, olar hat üsti bilen iberilýän habarlary ýetirmeli ýerine ýetiripdirler, şeýle hem gözelligiň ajaýyp nusgasy, dynç alşyň möhüm bezegi bolup hyzmat edipdirler. Bu ajaýyp kepderileriň täsinligine, gözellikdigine düşünen adamlar bütin ömrüniň dowamynda olardan daşlaşyp bilmändirler.
Dünýä ýüzünde dürli kärdäki, dürli ýaşdaky ýüzlerçe müň adam bu täsin jandara söýgi bilen ýaşap, olary köpeldýärler. Kepderiler bilen gyzyklanyp, olary saklamak, köpeltmek — sport bilen meşgullanmakdyr, estetiki söýgini özüňde terbiýelemekdir, boş wagtyňy göwnejaý geçirmekdir. Şeýle hem kepderilere seretmek adamda haýwanlara, janly-jandarlara söýgi duýgusyny döredýär, oňa tebigaty söýmegi öwredýär.
Adamzat taryhynda ýabany kepderileriň mundan 5000 ýyl ozal eldekileşdirilendigi hakda maglumatlar bar. Şondan bäri hem kepderi söýüjiler bu ajaýyp jandaryň dürli görnüşlerini döredipdirler. Olar uzak asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip, görnüşe, reňke, daşky sypatyna, ýerine ýetirip biljek hyzmatlaryna görä ugrukdyrylypdyr.
Dünýä ýüzünde kepderileriň görnüşleri örän kän. Ata Watanymyzda hem kepderiler ir döwürlerden başlap eldekileşdirilipdir. Kepderi söýüjiler dürli tohumly kepderileri döredipdirler, ylaýta-da, şa köşklerinde kepderileriň owadan reňkli görnüşleri ýetişdirilipdir. Türkmen kepderileri, aýratyn-da, onuň dünýä ýüzünde giňden ýaýran, gönüden-göni türkmenlere degişli hasaplanylýan, «agaran» diýlip atlandyrylýan naýbaşy görnüşi gözelligi, reňkiniň adatdan daşary özüne çekijiligi bilen has hem tapawutlanýar. Reňki düýäniň agaranyna meňzedilip, ol şeýle atlandyrylypdyr. Bular dünýä ýüzünde türkmen kepderisi hökmünde tanalyp, örän uly baha mynasyp bolan kepderilerdir.
Dessan NAZAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.



