Bu barada 25-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde aýdyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzda baýramçylyk söwdalaryny guramak, haryt bolçulygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan söwda nokatlaryny ýurdumyzda, şeýle-de daşary ýurtlarda öndürilýän azykdyr beýleki önümler bilen doly üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda toplumynyň ileri tutulýan wezipelerine ünsi çekdi hem-de wise-premýere ýurdumyzyň bazarlarynda azyk harytlarynyň bolçulygyny, olaryň bahalarynyň elýeterliligini üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
«TürkmenGazet».