SliderTehnologiýa

Kompýuterden dogry peýdalanmak

26-11-2022 / 15

Internetiň üsti bilen dünýä täsinlikleri we täzelikleri, tebigy gözellikler, taryhy ýadygärlikler baradaky gyzykly maglumatlary öwrenmek, dürli ýurtlaryň ýazyjy-şahyrlarynyň çeper eserlerini okamak indi her birimiziň durmuşymyzda gündelik endige öwrüldi.

Çagalar kompýuteriň üsti bilen gözýetimlerini giňeldýärler. Öz ýaşlaryna görä aňyny ösdürjek oýunlary tapyp, hezil edip oýnaýarlar. Çagalar kompýuterlerde tebigata söýgi döredýän, zähmete bolan garaýşyňy artdyrýan eserleri hem okap bilýärler. Çagalar çeper filmleriň üsti bilen durmuşda öz ornuňy tapmagyň, dostluga sarpanyň, birek-birege hormat goýmagyň ýollaryny hem öwrenýärler. Kompýuterden dürli suratlary tapmaga-da giň mümkinçiligiň bardygy her bir adamyň ünsüni çekýär, çünki suratlar dürli-dürli bolup, olaryň üsti bilen tebigatyň özboluşly aýratynlyklary açylýar. Bu belli bir derejede ýaşlaryň sungata bolan garaýşyny ösdürýär we olaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny artdyrýar. Olar özbaşdak surat çekmäge, dürli reňkleriň üsti bilen pikirlerini beýan etmäge bolan endiklerini ösdürýärler.

Häzirki wagtda her bir çaganyň öz şahsy kompýuteri bolup, olar munuň üsti bilen bilimlerini artdyrýarlar, öýe berlen ýumuşlary özbaşdak ýerine ýetirýärler. Ýumuşlar ýerine ýetirilip, arasynda dynç berýän beden agzalarynyň hereketli oýunlarynyň bardygyny hem hünärmenler belleýärler. Ol oýunlaryň belli bir derejede çagalaryň pikirlenmek ukybyna oňat täsir edýändigi hem aýdylýar.

Eger öýe tabşyrylan ýumuş uzak wagtlap, meselem, bir sagada golaý dowam edýän bolsa, onda şol aralykda arakesme etmek zerurlygy ýüze çykýar, ýagny göze hem kellä agram salman, her 15 minutdan arakesme edilse, göwnemakul bolar. Arakesme wagtynda arassa howada edilen gezelenjiň saglyga has gowy täsir edýändigini ýadyňyzdan çykarmaly däl. Arassa howa, ilkinji nobatda, çaganyň dem alyş ýollarynyň sazlaşygyny üpjün edýär. Çaganyň ýadaw göreçleri ýaşyl ýapraklara, mawy asmana ýa-da her paslyň tebigata, daş-töwerege eçilýän gözelliklerine gönügende dynç alýar. Gözlere wagtal-wagtal dynç berlende, göreçler kütelmeýär. Şeýle hem bu arakesme çaganyň pikirleriniň bir ýere jemlenmegine ýardam edýär. Öýe tabşyrylan ýumuşlary dogry ýerine ýetirmegine mümkinçilik berýär. Eger çaga haýsy-da bolsa bir eseri okaýan bolsa, onda onuň bu eser baradaky pikirlerini bir ýere çugdamlaýar. Döredijilik bilen meşgullanýan çagalarda arakesmeden soň, täze-täze pikirleriň dörejekdigi ikuçsuzdyr.

Şonuň üçin ene-atalaryň çagalarynyň kompýuterden peýdalanýan wagtlaryny gözegçilikde saklamaklary zerurdyr. Wagtyň geçmegi bilen bu endikler olaryň gündelik durmuşyna ornap gider we soňra ony çagalaryň özleri hem özbaşdak ýerine ýetirerler.

Ahmetýar GURTÖWEZOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Telekommunikasiýalar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu