Siziň üçin...Slider

Biri-birine bagly bolmadyk tennis binasy

26-11-2022 / 8

Italýan binagärleri sekiz sany tennis meýdançasynyň taslamasynyň üstünde işleýärler.

Taslamanyň üstünde işleýän italýan kompaniýasynyň binagärleri binany gurmakda esasy maksadyň ýerden rejeli peýdalanmakdygyny aýratyn belläp geçýärler. Binanyň taslamasyna laýyklykda, üst-üstüne guruljak tennis meýdançalarynyň binasynyň beýikligi 90 metr, umumy meýdany bolsa 5,5 müň inedördül metr bolar. Tennis kortlarynyň hersiniň janköýerler üçin münberi hem bolar. Tennis meýdançalarynyň iki tarapynyň diwarlary dury bolup, iň öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylyp, onuň gurluşygynda poslamaýan polat ulanylar.

Tennis oýunlarynyň geçişini synlamak üçin binalaryň beýleki taraplarynyň diwarlarynda multimediýa ekranlary oturdylar. Sekiz meýdança biri-birine bagly bolman, hersi özbaşdak ýagdaýda işlär.

Sultan BABAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu