
Durmuşymyzyň enaýyja gülleri bolan çagalary ezizläp, goraglap, olary akylly-başly, bilimli-düşünjeli, terbiýeli-hünärli edip ýetişdirmek döwrümiziň esasy meseleleriniň biri. Ol gülleriň ýaşaýşa bezeg bermegi, pajarlap ösmegi üçin yzygiderli alada, üns zerur.
Adamzat durmuşy nähili geň hem gyzykly. Jon Kristianyň aýtmagyna görä, biz pozguç ulanmazdan çekilen surata durmuş diýýäris. Her kim durmuşda özüçe ýaşaýar. Adamlaryň durmuşdan talaby, islegi-de dürli-dürli. Ýaş aýratynlyklaryna görä, alada-gaýgysy-da birmeňzeş däl. Şu meselede kiçijik çagalara diýseň gözüm gidýär.
Çaganyň öz arassa dünýäsi, tämiz owadan göwni bar. Olaryň ýüregi edil, ak kagyz ýaly arassa, päk, belki-de, asmandan düşýän akja garlar, tomsuna bişýän süýjüje alma-narlar ýalydyr.
Dünýädäki ylmy-barlaglaryň netijesine seredenimizde, örän täsin soraglaryň köpüsini çagalaryň berýändigine göz ýetirmek bolýar. Çaga üçin dünýä bir tapmaça ýaly. Olar soran wagty diňe daş-töweregindäki zatlardan maglumat almak bilen çäklenmän, eýsem, özara gatnaşyklaryny-da güýçlendirýärler. Ýene-de bir bellemeli zat, çagalar diýseň dörediji bolýarlar. Biziň görüp bilmeýän zatlarymyzy görýärler. Çaga ulularyň her bir hereketinden, sözünden nusga alýar. Görenini gaýtalamak çaganyň ösüşine mahsus häsiýetdir. Çaga heniz kiçi döwründe gürläp bilmese-de, daş-töweregindäkileriň hereketinden, sözünden, ýüz-gözüniň, keşbiniň üýtgemesinden köp zady syzýar, many alýar, akyl toplaýar. Ulularyň durmuşy, özüni alyp barşy çaga üçin görelde mekdebidir. Çagalarda göz öňüne getirme güýji diýseň ösendir. Olara gyzykly erteki aýdyp berseň ýa-da hekaýadyr multfilm görkezseň, şol gahrymanlar esasynda başga-başga wakalary toslap tapyp bilýärler.
Tebigatyň kanuny şeýle — hemmeler ulalaýmaly. Goý, ulalsynlar, ýöne kalplary welin çagalykdan hiç wagt daşlaşmasyn, çünki çaga göwni, çaga dünýäsi päkligiň nusgasy, söýginiň nyşany ahyry.
Gül SARYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 1-nji çagalar bakja bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.