Halk arasynda aýdylmagyna görä, Dawut pygamberiň şägirtleriniň biri iňňe ýasapdyr. Onuň ilkinji ýasan iňňesi keşde-nagyş gaýardan juda gödeňsi bolupdyr. Şol iňňe günler geçip, tutuş älemi aýlanyp ýörmäp-depjäp tikin-çatyna ýarapdyr.
Günlerde bir gün ol iňňe Hydyr gezen sähralarda ýaşaýan oguzlaryň neslinden bolan bir gözeliň eline düşüpdir. Ol gödeňsi iňňe gözel gyzyň alkymyndan göterilýän ýalkyma, ýüpek ýaly inçetar saçlaryna, sülük ýaly barmaklaryna maýyl bolupdyr. Asyl, ak gar ýaly alkymyndan, alma ýaňaklaryndan dökülýän nur, ýüpek saçlaryň tolkuny, çepiksi barmaklaryň mylaýymdan çalasyn hereketleri maýyl bolmazça däl eken.
Ýakymly gözellige bendi bolan iňňe gyzyň gyzgyn gysymynda süýnüp, barmaklaryň hereketlerine erksiz tabyn bolýar. Onuň beýle gaýymlygyna göwni joşan gyz iňňäni elinden goýman işleýär. Nowça ýaly gyzyň tikýän köýnekleriniň ýakasynda, tahýalaryň depesinde säheriň Güneşi, gijäniň Aýy, ýaşaýan ýaýlasynyň bahary kimin ajaýyp nagyşlar döräp başlaýar. Juwan gyzyň gözlerinde orun alan heniz aşyk nazaryna ýetişmedik yşk hyjuwy şol nagyşlara siňýär. Tämiz ýürekli gyz bilen owadan nagyşlaryň arasyndaky iňňe iki gözellige maýyl bolup barha inçelýär. Şol inçejik, iňňeden emele gelen inçe sungat işleri häzirki wagtda hem dünýäni haýrana goýýar.
Melike ROZYÝEWA,
TMÝG-niň Dänew etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.