Habarlar

«Eurovision» bäsleşiginde täze üýtgeşme

26-11-2022 / 11

67 ýyl bäri geçirilýän aýdym-saz bäsleşigi bolan «Eurovision» Ýewropa Teleýaýlym Bileleşigine (EBU) agza bolan ýurtlaryň arasynda geçirilýär. Geçiriljek «Eurovision» bäsleşiginde ýeňijileri saýlamagyň düzgünleri öňkülere garanyňda biraz üýtgär.

Täze düzgün esasynda saýlama tapgyrynyň ýeňijilerini eminler topary däl-de, bäsleşigiň janköýerleri kesgitlärler. Ýewropa Teleýaýlym Bileleşigi (EBU) «Eurovision» aýdym-saz bäsleşiginiň ses beriliş ulgamyny üýtgedip, bütin dünýä üçin açyk etjekdigini mälim etdi. Diňe bir ýaryşa gatnaşýan ýurtlar däl, eýsem, bütin dünýä ýurtlarynyň janköýerleri hem ses berip bilerler.

2023-nji ýyldan başlap, ýarym finala çykan toparlar bütin dünýäden berlen sesler arkaly kesgitlener. Final tapgyrynda bolsa, emin agzalary ýeňijini kesgitlär. Ýewropa Teleýaýlym Bileleşigi (EBU) täze düzgün bilen ýaryşa global gyzyklanmanyň artdyrylmagyny maksat edinýär.

Şatlyk HYDYROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Telekommunikasiýalar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu