SliderŽurnalistiň sahypasy

Ylym almak — özüňi tanamak

25-11-2022 / 5028

«Pedagogika» grek sözi bolup, çagany elinden tutup ýöredýärin diýen manyny aňladypdyr. Häzirki zaman pedagogikasynyň gysga, umumy we dogry kesgitlemesi – çagany terbiýelemek baradaky ylymdyr. Bu ýerde «terbiýe» sözi giň manyda ulanylyp, ol bilim bermegi, okatmagy, ösüşi öz içine alýar. Durmuşda ösüp gelýän ýaşlara terbiýe bermekde tejribe toplan ussat adamlaryň döremegi pedagogika ylmynyň peýda bolmagyna getiripdir.

Gadymy Gresiýanyň akyldarlary Sokrat, Platon, Demokrit, Aristotel öz işlerinde köp sanly pedagogiki pikirleri öňe sürüpdirler. Gündogaryň akyldarlary hem öz işlerinde pedagogiki pikirleri beýan edipdirler. Muňa Ýusup Has Hajyp Balasagunly, Mahmyt Kaşgarly, Keýkowus, Muhammet Gazaly, Abu Reýhan Biruny, Ýunus Emre, Möwlana Jelaleddin Rumy, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly akyldarlary we alymlary mysal hökmünde bellemek mümkindir.

Orta asyr türkmen taryhyndaky eserlerde hem ylym, bilim we terbiýe bermek bilen baglanyşykly köp sanly maglumatlar bardyr. Bu möhüm eserleriň biri hem Ýusup Has Hajyp Balasagunlynyň “Kutadgu bilik” atly eseridir. XI asyrda ýaşan Ýusup Has Hajyp Balasagunlynyň “Kutadgu bilik” eseri türki halklaryň yslamy kabul etmeginden soňra, türki dilde ýazylan ilkinji eserdir. Ýusup Has Hajyp öz eserinde başgasyna öwredilmeýän bilimiň hiç bir gymmatynyň ýokdugyny belleýär.

Şeýle-de Ýusup Balasagunly ynsan köňlüniň düýpsüz deňizdigini, bilimiň bolsa onuň düýbünde ýatan merjene meňzeýändigini, ynsan merjeni deňizden çykarmasa, ol merjen bolsun, ýa-da çagyl daşy bolsun, gara topragyň astyndaky altyndan, daşdan tapawutsyzdyr, ol ýerden çykanda bolsa begleriň başyndaky bezege öwrüljekdigini belläpdir.

Ýunus Emräniň pikirine görä, ylym almak özüňi tanamakdyr. Äleme göz ýetirmek üçin bolsa ilki özüňi tanamaly, bilmelidir. Ölmez-ýitmez eserleri bilen adyny dünýä edebiýatynyň taryhyna ebedilik ýazdyran Möwlana Jelaleddin Rumy bolsa bilimi bakylyk daragtyna meňzedýär. Mundan asyrlar öň ýaşan, has takygy, XI — XII asyrlaryň beýik türkmen alymy Mahmyt Zamahşary dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna giren “Ýagşyzadalaryň bahary” atly eserinde: “Bilim kyndyr, sowatsyzlyk bolsa ondanam kyndyr” diýip belläp geçipdir.

Aýlar ÝUSUPOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 5-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu