Habarlar

Noýabr saz festiwaly dowam edýär

24-11-2022 / 11

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli “Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary” atly noýabr saz festiwaly dowam edýär.

Festiwalyň çäginde yzygiderli guralýan konsertler diýseň gyzykly geçip dur. Şol konsertleriň hatarynda geçiriljek şu günki konsert “Estrada sungaty” kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň şägirtleriniň paýyna düşdi. Konsertiň başynda Atajan Berdiýew halypa-şägirtlik ýoly hakynda gürrüň açdy. Bu hem talyp ýaşlar üçin özüne çekiji boldy.

Soňra halypa öz şägirtleri Jennet Mekanowanyň we Bahram Hüseýinowyň ýerine ýetirmegindäki aýdymlary diňlemäge çagyrdy. Olar D.Öwezow we A.Şapoşnikowyň “Şasenem-Garyp” operasyndan Şasenemiň ariýasyny, P.Çaýkowskiniň “Pikowaýa Dama” eserinden Lizanyň ariýasyny, S.Rahmaninowyň “Здесь хoрошо”, J.Puççiniň “Toska” eserinden Toskanyň ariýasyny, N.Halmämmedowyň “Aşgabat”, “Neýläýin”, T.Kuliýewiň “Saňa-da galmaz”, A.Laronyň “Granado”, J.Rossiniň “Tarantella”, N.Halmämmedowyň “Söýgi hakynda monolog” aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Bu aýdym-sazlar diňleýjiler tarapyndan uly el çarpyşmalara mynasyp boldy.

Şeýle-de festiwala konserwatoriýamyzyň ýaş mugallymlary we halkara bäsleşikleriniň ýeňiji talyplary işjeň gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halypa-şägirtlik gatnaşyklary has-da berkäp, ýurdumyzda aýdym-sazyň sesi hemişe belentden ýaňlansyn!

Aýlar ANNAMYRADOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kirişli saz gurallary hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu