Günlerde bir gün halkyň söýgüsini gazanan hökümdar rahatlygy iň gowy suratlandyryp bilen suratkeşe uly sowgat garaşýandygy barada jar çekdirýär. Bäsleşige örän kän suratkeş gatnaşýar. Gije-gündiz çekilen irginsiz zähmetiň netijesinde dörän suratlar hökümdara görkezilýär. Suratlaryň her birini üns bilen synlan hökümdar bularyň arasyndan diňe ikisini saýlap alýar. Bu suratlaryň hem ikinjisi ýeňiji diýlip yglan edilýär.
Birinji suratda asuda tebigatly köl bardy. Köl Zeminiň ýüzüne düşelen aýna mysaly töweregindäki daglaryň keşbini şöhlelendirýärdi. Ýokarda pagta ýaly çuw-ak bulutlar asmany bezeýärdi. Surata kim seretse, haýran galýardy, suratyň örän ussatlyk bilen çekilendigini ykrar edýärdi.
Ikinji suratda-da daglar bardy. Emma, kert we ýylçyr daglar… Ýokarda gazaba münen asmandan elekden guýlan ýaly bolup ýagyş ýagýardy, ýyldyrym çakýardy. Dagyň eteginden bolsa köpürjikläp akýan uly şaglawuk bardy. Sözüň gysgasy, surat gaty bir rahatlandyryjy görünmeýärdi.
Emma surata siňe sereden hökümdar lummurdap akýan şaglawugyň arkasynda gaýalaryň ýarygyndan çykan bir terje dag ösümlijegini gördi. Ýaşyl öwsüp oturan bu ösümligiň üstünde höwürtge bardy. Bir ene guş bat bilen akyp barýan şaglawugyň orta bilinde guran höwürtgesinde mähir bilen çagalaryny iýmitlendirýärdi.
…Rahatlyk, hiç hili goh-galmagalyň, aladanyň we kynçylygyň ýok ýeri diýmek däldir. Rahatlyk bularyň ählisiniň arasynda-da kalbyňyzyň rahatlyk tapmagydyr.
Aýna BATYROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
ajaýyp