SliderSyýahatçylyk

Magellanyň syýahaty hakynda biläýmeli zatlar

24-11-2022 / 34

Fernan Magellanyň syýahat toparynyň 1519 — 1521-nji ýyllar aralygynda Ýer şarynyň daş-töweregine ilkinji bolup aýlanandygyndan köpimiz habarlydyrys. Ol 1480-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Portugaliýanyň Sabroza şäherinde dogulýar.

Adamzat taryhyna ýaň salan syýahata ýolbaşçylyk eden Fernan Magellan kapitan-general çinine eýe bolmak bilen, bir wagtyň özünde “Santýago” «Trinidad”, «San — Antonio”, «Konsepson”, «Wiktoriýa” gämilerinde taryhy ýüzüşe ugraýar. Bu syýahat topary Atlantik ummanynda uzak wagtlap ýüzüşde bolup, Günorta Amerika materiginiň gündogar kenar ýakalaryna baryp ýetýär. Şol ýerde bolsa bu syýahat toparynyň üç bogdakly «Santýago” gämisi gark bolýar, «San — Antonio” gämisi bolsa, topary taşlap gidýär.

Fernan Magellanyň ýolbaşçylynda galan üç sany karawella (üç bogdakly gämi) materigiň günbatar tarapyna geçmek üçin dar geçelge gözleýär. Ol dar geçelgäni bolsa uzak gözleglerden soňra günorta giňişlikden tapýarlar. Üç bogdakly üç sany gämiden ybarat bu syýahatçylar Günorta Amerika materigi bilen Otly Ýer adasynyň arasynda ýerleşen, häzirki wagtda “Magellan bogazy” diýlip atlandyrylýan dar geçelgeden geçýärler.

Ahyrsoňunda, Ispaniýanyň kenarlaryndan ýüzüşe başlananyndan 14 aý geçeninden soňra uzak ýüzüşe çykan topar Amerika dünýä böleginiň günbatarynda ýerleşen umman giňişligine baryp ýetýär. Haçan-da, syýahat topary bu umman giňişliginde bolanynda gämilere howp saljak tolkunlar bolmansoň, howa hem jana ýakymly bolansoň, ony Fernan Magellan «Ýuwaş okean” diýip atlandyrýar.

Magellanyň syýahat topary bu umman giňişliginde gaty uzak ýüzüşde bolmalydygyny göz öňüne getirmändi. Olaryň bu uly suw giňişliginde azyk-iýmitleri gutaryp, diňe zaýalanan etler galyp, günüň dowamynda her adama sähelçejik bürünç bilen oňňut etmeli bolupdyr. Süýji suwlary bolsa porsap, içer ýaly bolmandyr. Gämilerde iýmit ýetmezçiligi zerarly, deňiz keseli bilen keselleýän adamlar köpelipdir. Olaryň köpüsi bolsa bu dünýe bilen hoşlaşmaly bolupdyr. Şeýlelikde, gämileri dolandyrmak örän kyn bolup, gämiler tolkunlaryň hereketine görä, ýeller niräk öwüsse şol tarapa hereket edip duran bolupdyr. Şol baryşlaryna olar ahyry bir adanyň kenaryna baryp ýetipdirler. Ol ýeriniň ilaty özlerine nätanyş gäminiň üstüne çozuş edip, ellerine ilen zatlaryny alyp, derrew gitmek bilen bolupdyr.

Zanny daýaw, sagdyn, ylmy-bilimi ýetik, elmydama-da sagdyn pikir edip bilýän, islendik kynçylykdan baş alyp çykmagyň beýik ussady Fernan Magellan eli ýarag tutup biljek ýoldaşlaryna bolup duran wakany düşündirip, özüni diňläp, aýgytly hereket etseler, halas boljakdyklaryny düşündirmekligiň hötdesinden gelýär. Magellanyň ýoldaşlarynyň eli ýarag tutup bilýänleriniň hem-de ýöremäge mydarasy bolanlaryň hemmesi ýeňiş gazanandyryn öýden ýerli garaýagyz adamlaryň ot ýakyp, baýramçylyk edip oturan obasyna bildirmän baryp, ellerine ilen azyk-suwluk iýmitlerini alyp, gämilerine tarap gaçyp gaýdýarlar. Nätanyş adamlaryň edip ýören işlerini gören ýerli halk şady-horramlyklaryny goýup, olaryň yzlaryndan kowalap ugraýar.

Magellanyň ussatlyk bilen taýýarlan töwekgelçilkli hereketine adamlaryň ýaraglylary yza galyp, ok atýan tüpeňiň nämedigini bilmeýän garaýagyz adamlara tarap ok atyp, olary yza serpikdirýärler. Magellanyň örän batyrgaýlyk bilen tapan bu töwekgelçilikli çözgüdi il aýtmyşlaýyn «Şu wagt ýa-da hiç wagt” diýilýän çözgüt bolup, taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazyldy. Beýik syýahatçynyň şol töwekgelçilkli çözgüdi amala aşyrylmadyk bolsa, onda syýahat toparyna nämeleriň garaşýandygy hemmeler üçin düşnüklidi.

Magellanyň topary indi özlerini tutupdy. Olar ýene-de günbatara tarap ýüzüşlerini dowam etdirip başlaýarlar. Magellan özleriniň gabat gelen şol adasyny «Näbelli ada” diýip, atlandyrdy. Kynçylykly ýüzüşden soňra, 1521-nji ýylyň martynda syýahatçylar Filippin adalary toplumyna gelip ýetýärler. Fernan Magellan 1521-nji ýylyň 27-nji aprelinde boýun egmedik Filippinleriň Wisaý adalar toplumyna degişli Sebu welaýatynyň Matan adasynda ýerli halk bilen bolan söweşde öldürilýär.

Onsoň «Wiktoriýa” gämisinde galan az sanly syýahatçylar toparyna Huan Sebastýan El-Kano kapitan bolup, ýolbaşçylyk edýär. Ýokardaky wakadan 7 aý geçensoň — 1522-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Huan Sebastýan El — Kanonyň ýolbaşçylygynda üsti 18 adamly «Wiktoriýa” gämisi Ispaniýanyň Sewilýa şäheriniň ýakynyndaky kenarda labyryny taşlaýar.

Döwlet ANYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu