Halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgelerinde, onuň dessanlarynda hem-de rowaýatlarynda ak öý dünýäniň döreýşiniň özboluşly nusgasyny alamatlandyrýar. Ak öý milletiň durmuş-medeni mirasy bolmakdan başga-da, döwletlilik ojagydyr.
Ata-babalarymyz öz ýaşaýan ak öýlerine maşgala gurluşynyň esasy hökmünde seredipdirler. Gadymy türkmen ak öýüniň her bir bölegi türkmen maşgalasynyň gurluşynyň esasy hasaplanypdyr.
Türkmen ak öýi esasy üç sany uly bölümden ybaratdyr: tüýnük, tärim, uk.
Tüýnük — türkmenleriň gadymy ak öýüniň uklaryny birleşdirýän ýokarky tegelek bölegi.
Çagaryk bolsa tüýnügiň içindäki atanaklaýyn goýulýan agaçlary. Çagaryk durmuşa çykmadyk gyzyň gözelliginiň mysalydyr. Belki, bu ýerde “Çagarygy gyşyk hem bolsa, tüssesi göni çykýandyr” diýen durnukly aňlatma köp zady ýatladýar.
Tärim — türkmen ak öýüniň daýanç merkezi bolup hyzmat edýän hem-de uklaryň aşak ujy berkidilýän gözenek-gözenek agaç. Başgaça, oňa ganat hem diýilýär: alty ganat, sekiz ganat…
Uk — ýokarky ujy tüýnüge, aşaky ujy tärime berkidilýän we türkmen ak öýüniň üstki bölegini emele getirýän uzyn inçe agaçlar. Türkmen maşgala gurluşyna görä, ak öý är-aýalyň özara gatnaşygynyň özeni diýlip hasap edilýär.
“Uguny ýekelemek” diýen durnukly söz aňlatmasynyň manysy şeýledir: biriniň aýdanlaryna garşy çykman, onuň göwnünden turup, assyrynlyk bilen içki syrlarynyň baryny öwrenmek. Uguň ýekelense, öýüň ýykyljagy bellidir. Şonuň üçin ol “öýüni ýykmak” durnukly aňlatmasynyň manysy bilen deňdir.
Gap böwür hem türkmen öýüniň bir bölegi bolup, ol ýörite gap–gaçlary goýmak üçin niýetlenendir.
Düýp böwürde bolsa düýpde goýmak üçin niýetlenilen zatlar ýerleşdirilýär.
Ojakbaşy — gapböwür tarapda eneleriň ýeri, onuň garşysynda hem-de sag tarapynda gelen myhmanlar oturýarlar.
Şöhrat KADYROW,
TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.