Adamzat ýüzlerçe dil ulanýar. Her diliň öz aýratynlyklary bar. Käbir dilleriň grammatikasy gaty çylşyrymly. Käbir dillerde ýeterlik mukdarda söz ýok. Käbir dillerde millionlarça adam gürleýär. Käbirlerinde diňe birnäçe ýüz adam gürleýär. Geliň, iňlis diliniň käbir aýratynlyklary barada gürrüň edeliň!
Ilkibaşda Iňlis dili Angliýada döredilýär. Beýleki dillerden fransuz, latyn, nemes, grek we ş.m. müňlerçe söz alýar. Iňlis grammatikasy diýseň ýönekeý hasaplanylýar. Sebäbi beýleki dillerdäki atlaryň grammatiki jyns aýratynlygy bar we degişlilikde käbir işlikler we sypatlar üýtgeýär. Bu çylşyrymlylyk iňlis dilinde ýok.
Taryhyň dowamynda bu dil dünýäniň köp künjegine ýaýraýar. Häzirki wagtda iňlis dili iň köp ulanylýan dilleriň biridir. Halkara işewürlik we diplomatiýa üçin baglanyşyk dili hökmünde hem ulanylýar. Daşary ýurtlaryň köpüsinde iňlis dili döwlet dili hökmünde kabul edilen. Dünýädäki bilim edaralarynda öwrenilýän daşary ýurt dilleriniň arasynda iňlis dili birinji orny eýeleýär. Ykdysadyýet, söwda, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda hem hyzmatdaşlygyň esasy dilidir. Bu dil awiasiýa we ýük daşamak pudagynda-da halkara aragatnaşyk diline öwrüldi. Mundan başga-da, köp sanly innowasiýa tehnologiýalaryny dolandyrmak iňlis dilinde amala aşyrylýar. Iňlis dili hem köp ylmy konferensiýalaryň, simpoziumlaryň we forumlaryň işleýän dili diýlip tanalýar.
Iňlis dilini bilmek, Şekspiri we beýleki iňlis we amerikan ýazyjylaryny asyl dilde okamak, maglumat alyşmak we aragatnaşyk gurmak üçin iň uly artykmaçlykdyr, daşary ýurtlarda tälim almaga, kämilleşmäge we işlemäge esasy mümkinçilik berýän guraldyr.
Aýgül AKMÄMMEDOWA,
Halaç etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.