SliderŽurnalistiň sahypasy

BAE: baý medeniýet, täsin binagärlik

24-11-2022 / 21

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 21-22-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine iň ýokary döwlet wezipesinde amala aşyran ilkinji resmi sapary iki ýurduň diplomatiýasynda täze taryhy sahypa boldy. Dostlukly döwlet – BAE barada birnäçe maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.

Birleşen Arap Emirlikleri Günorta-Günbatar Aziýada, Arabystan ýarymadasynyň gündogarynda, Pars we Oman aýlaglarynyň kenarynda ýerleşýär. Günbatarda we günortada Saud Arabystany, günorta-gündogarda Oman bilen serhetleşýär. Pars we Oman aýlaglary ýurduň kenarlaryna ýanaşýar. Tutýan meýdany: 83,600 km2. Paýtagty: Abu-Dabi.  Ilaty 2017-nji ýylyň maglumatlary boýunça 9,58 mln  adam. Ilatynyň 88 göterimi şäherlerde ýaşaýar. Döwlet dili: arap dili. Pul birligi: dirhem. Onuň iň kiçi pul birligi: fils. 1 dirhem 100 filse deňdir. Eksport edýän harytlary: nebit, tebigy gaz, alýumin, kakadylan balyk we hurma. Hereket edýän ilçihanalar: Abu-Dabide 106 döwletiň ilçihanasy, Dubaýda bolsa, 55 ýurduň konsollyk edarasy hereket edýär. Serhetleşýän çäkleri: günorta-günbatarynda Saud Arabystany, gündogarynda Oman bilen goňşy bolup, ýurduň köp bölegini çöller tutýar.

Birleşen Arap Emirlikleri Ýakyn Gündogarda ýaş döwletleriň biridir. Bu emirlikler öň Beýik Britaniýanyň baknasydy. Hersiniň öz emiri bolan ýedi sany emirlikleriň halklary Ikinji jahan urşundan soň özbaşdaklyk ugrunda göreş alyp bardylar. 1964-nji ýylda Arap ýurtlarynyň ligasy guramasy bu döwletleriň halklarynyň özbaşdak ýaşamaga hukuklydygy barada çykyş etdi. Beýik Britaniýadan emirliklere özbaşdaklyk bermegi talap etdi. 1968-nji ýylda Beýik Britaniýa 1971-nji ýyla çenli bu ýerlerden öz goşunlaryny çykarjakdygyny jar edenden soň, azatlyk hereketi has güýçlendi. Ilki ýedi emirlikler birleşip, Bahreýn bilen Katar bilen bilelikde Arap döwletleriniň federasiýasyny döretmekçi boldular. Emma Bahreýn we Katar soňrak özbaşdak döwlet boldular. 1971-nji ýylyň 2-nji dekabrynda ýedi emirligiň altysy birleşip, özbaşdak Birleşen Arap emirliklerini döretdiler. Oňa Abu-Dabi, Dubaý, Ajman, Umm el-Kuweýn, Fujeýra, Şarja girdi. Ras el-Haýma bolsa 1972-nji ýylda birleşdi. Emirlikleriň emirlerinden düzülen Ýokary Geňeşiň ýokary döwlet guramasy diýip jar edildi. Ýokary Geňeş Ministrleriň Geňeşini döretmeli edildi. Ýurduň paýtagty Abu-Dabi şäheri diýip jar edildi. Ministrler Geňeşi Ýokary Geňeşe hasabat bermelidi. Ministrler Geňeşinden Ýokary Geňeş ýurduň hökümet baştutany saýlaýar. Birleşen emirlikleriň içinde iň ulusy Abu-Dabi bolandygy üçin (Abu-Dabi ýurduň ähli territoriýasynyň 85%-ini tutýar.) ýurduň prezidentligine şonuň emiri saýlanýar. 2004-nji ýylyň 3-nji noýabryndan 2022-nji ýylyň 13-nji maýy aralygynda Abu-Dabiniň emiri Halifa ben Zaid al-Nahaýýan ýurduň Prezidentligini ýerine ýetirdi. Ol 2022-nji ýylyň 13-nji maýynda aradan çykdy. Ýeri gelende ýatlasak, Nahaýýanlar neberesi Abu-Dabi emirligini iki ýarym asyrdan gowrak, Makdumlar neberesi bolsa 1833-nji ýyldan bäri Dubaýy dolandyryp gelýär.

Ikinji uly emirlik Dubaý bolandygy üçin onuň emiri hökümetiň baştutany wezipesini ýerine ýetirýär. Ýurduň häzirki wagtdaky hökümet baştutany Dubaýyň mirasdüşer emiri Şeýh Muhammmet ibn Raşid al-Maktumdyr.  BAE 1971-nji ýyldan bäri BMG-niň agzasydyr. Ol nebiti eksport ediji döwletleriniň guramasyna, Halkara Pul Gaznasyna, Bütindünýä söwda guramasyna, Pars aýlagy ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtdur.

Senemgül ALLAKOWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu