Ata-babalarymyz dost-doganlyga, goňşuçylyk gatnaşyklaryna uzak ýyllaryň dowamynda uly sarpa goýup gelipdir. Kyn günüňde doganyňdan öň goňşyňdan hemaýat ýetýär. Şol sebäpli-de «Kyýamat güni goňşudan», «Ýer alma-da goňşy al» ýaly nakyllar hem halk arasynda döräpdir.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda asylly goňşuçylyk gatnaşyklary barada örän ýerlikli bir rowaýatda şeýle diýilýär:
«Tymsalda beýan edilşine görä, gyşyň garly günleriniň birinde, ýer-ýodany saýgarar ýaly bolmandyr. Şeýle günlerde, adatça, adamlar giç oýanýarlar, sowuk howada hiç kimiň daşary çykasy gelmeýär. Biri hemmeden ir oýanypdyr, öz howlusyny we goňşusyna gidýän ýoly arassalapdyr. Onuň goňşusy birsalymdan turup görse, goňşusyna barýan ýoluň gary syrylypdyr. Ol muňa begenýär we öz howlusynyň galan ýeriniň garlaryny syryşdyrýar. Töwereklerdäki beýleki goňşulary hem olaryň howlularyna hiç bir kynçylyksyz gelip bilýärler. Şondan soň ýene-de gar ýagypdyr. Ol adam ýene-de ilden öňürti oýanyp, ilki öz howlusyny, soňra goňşularynyň, aýratyn-da özüniň köp ýyllaryň dowamynda dostlaşyp giden gadyrdan goňşusynyň gapysyndan özlerine tarap gelýän ýodany arassalapdyr. Üçülenji gün agşam hem gar ýagypdyr-da, bu ýagdaý ýene gaýtalanypdyr. Onsoň onuň dostlaşan şol gadyrdan goňşusy:
— Dostum, sen öz howlyňy däl, eýsem, meniň howlyma gelýän ýodanyň hem garyny syryp çykypsyň. Beýdip azara galmaly däl ekeniň. Meniň özüm hem arassalardym — diýip ynjalyksyzlanypdyr. Şonda ýaňky adam mylakatlylyk bilen:
— Ýok, dostum, sen ýalňyşýarsyň. Dosta barýan ýol hemişe aýna ýaly arassa hem tekiz bolmalydyr. Men seniň haçan ukudan oýanaryňa garaşyp oturyp bilmen ahyry, görşüň ýaly ýolumyz açykdyr, ertirden bäri ondan sen näçe gezek gatnalandygyny bir bilsediň?! — diýipdir».
Ine, şu tymsalda aýdylyşyna görä, biziň dosta barýan ýollarymyz hemişe aşyk bolmalydyr. Çünki agzybir dostana gatnaşyklar abadan ýaşaýşyň, rahatlygyň, bagtlylygyň gönezligidir.
Pederleriň şular ýaşy asylly ýörelgelerini özüne nusga edinen milli Liderimiz dost-doganlyga uly sarpa goýmak bilen birlikde, olar bilen aramyzda ynanyşmak hem parahatçylyk ýaly ýörelgeleriň has-da berkemegi üçin taýsyz tagallalary amala aşyrýar. Goňşy halklar bilen aramyzda dostluk köprüsini gurýar.
Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Bäherden etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.