Güller ynsan durmuşyna gözellik goşýar. Olaryň täsin gözelligi her bir adamyň keýpini göterip, ruhuny joşa getirýär.
Meniň öýümde-de, otagda ösdürilýän gülleriň köp dürlüsi öýe bezeg berip, bir enaýy ösüp otyr. Bir gün şol güllere ideg edip ýörkäm, birden ýylgyranymy duýman galdym. Güllerimiň içinde aýratyn gowy görýänim, ýaşyl ýasy ýaprakly owadan otag ösümligi gül açypdyr. Tebigatyň täsinligini diýsene, üç sany akja gül sebetjikde oturdylan kysmy, birenaýy gülleşip otyrlar. Akja güller göýä ýylgyrýan ýaly, olardan gözümi aýryp bilmän durupdyryn. “Ene” diýen näzijek sese başymy galdyrdym. Görsem, ýanymda alty ýaşlyja agtygym Çynar jan bir eýjejik ýylgyryp, maňa garap durdy. Gülleri synlap durşuma, agtygymyň ýanyma geleninem duýmandyryn. Agtyjagymyň çaga ýürejiginden syzylyp çykýan päkize ýylgyrşyny şol akja güllere meňzetdim. Bu ajaýyp sazlaşygyň ýagtylygy öýüň içini göýä nurdan doldurýana meňzeýärdi.
Ýylgyryş! Bu ýüzümizde peýda bolýan kiçijik mähirli alamat. Ýylgyrýan ýüzde nur bardyr. Ynsan ýylgyranda şeýle bir owadan, özüne çekiji bolýar welin, şol adamdan asla gözüňi aýyrasyň hem gelmeýär. Mähirli ýylgyrýan adam diňe özüne däl, özgelere-de, şatlyk eçilýär. “Ýylgyryş iň aňsat ýagşylykdyr” hem diýilýär. Ýylgyryş, dogrudanam, ýagşylykdan, içki dünýäň gözelliginden, tämizliginden bir nyşan bolup, ol Allanyň ynsana beren täsin peşgeşleriniň biridir. Ýakymly ýylgyrýan ýüzi nurana, mähirli ynsan ähli göwünleriň küýsegi. Päkize ýürekden syzylyp çykýan dury ýylgyryşlar adamy edil magnit ýaly özüne çekýär. Şol ajaýyp görnüşiň öňünde durup biljek güýç ýokdur.
Ýylgyryş beden we ruhy sagdynlygyň we deňagramlylygyň hem belgisidir. Ol ynsan bedeninde ýüze çykyp biljek ýa-da bar bolan keselleriň beterlemek ähtimallygynyň öňüni alyp biljek güýje-de eýe bolup biler.
Merjen GURBANGULYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geñeşiniň uly buhgalteri.