Göwün küýsegi

Nowşirwan Adylyň nesihatlaryndan

22-11-2022 / 15
  • Gije bilen gündiz çalşyp durka, pelegiň girdişine geňirgenmäň.
  • Günäsiz halyňa dil ýetiren adamyň günäsini, muny saňa ýamanlanyň günäsinden has çalt ötgün.
  • Köp zyýan ýeten adamlaryň içinde gözi bilen görüp zyýan çekeni has köp zyýan çeken hasap etgin.
  • Durmuşdan sapak almagy başarmaýan adama hiç kim sapak bermez, sebäbi onuň azaby reýgan bolar.
  • Aldanasyň gelmese edilmedik işi etdim hasap etmegin.
  • Uzak wagtlap ahmyrly bolmajak bolsaň,nebsiň ýesiri bolmagyn.
  • Aklyň kesgir bolsun diýseň öz-özüňi iliň gözi bilen garagyn.
  • Adamlardan saýlanaýyn diýsen duz-çörekli bolgun.
  • Kütek adam bilen dostlaşmagyn,kütek adam dostlygada ýaraýan däldir duşmanlyga-da.
  • Hernäçe ýokuş bolsa-da, hakykaty diňlemek gerekdir.
  • Ownuk uşak zatlara baş galdyryp, uly-uly gürlemegin.
  • Barypýatan misginlikden adam bolup ýetişen kişini henizem misgin saýyp ýören adamdan akmak adam ýokdur.
  • Bilmeýän zadyňy bilýän diýip ýer depip durmakdan soňam ol tassyklanman ile ryswa bolmakdan erbet zat ýokdur.
  • Ýüregiňe hiç bir melhemiň peýda edip bilmejek ýarasy salynmasyn diýseň, nadan adam bilen harçaňlaşmagyn.
  • Dilim uzyn bolsun diýseň, eliňi gysygrak saklagyn.
  • Adamlaryň içinde iň adamkärçiliklisi bolaýyn diýseň, adamdan zadyňy gaýgyrma.

“Kowusnama” kitaby esasynda taýýarlan:
Jemşit ŞERAPOW,
“Türkmenistan” bedenterbiýe we sport guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu