Hünärli bolmak, hünär öwrenmek uly baýlyk hem bagtdyr. Hünärli adam miweli daragt mysalydyr. Munuň üçin çagalara ýaşlykdan zähmet çekmeklige höwes döretmekligik zerurdyr.
Zähmet terbiýesini bermek ilkinji nobatda, ene-atanyň borjudyr. Munuň özi çaganyň kämilleşmegine, durmuşda her bir işe yhlasly we döredijilikli çemeleşmegine ýardam edýär.
Her bir ene-ata öý-hojalyk işlerininde öz çagasyna halypalyk etmegi başarmalydyr. Dürli öý gurallaryny ulanmagy öwretmeli, hat-da hojalyga gerek bolan serişdeleri ýasamaga höwes döretmeli. Oba ýerlerinde mal saklamagyň oňa ideg etmegiň usullaryny, ähmiýetini düşündirmeli. Bu bolsa ýaşlarda durmuşa bolan oňyn garaýyşy we höwesi artdyrmaga, başlan işine yhlasly ýapyşmaga, durmuşyň gadyryny bilip ýaşamaga itergi berýär.
„Ýigide müň dürli hünär hem azdyr“, „Hünärli ýigit – miweli agaç“ diýlişi ýaly, hünärli adama hemişe hormat goýulýar. Ýaşlykda gerekli hünärleri öwrenmek durmuşda örän peýdalydyr. Biz muňa gündelik durmuşymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris.
Bägül KULUŞOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.