“Atlantis The Palm“ Dubaý
Bu ajaýyp 5 ýyldyzly myhmanhana Dubaýyň emeli Palma adasynda ýerleşýär. Bu ýer kenaryň gözel görnüşinden lezzetli dynç almak üçin oňaýly ýerdir. Myhmanhananyň 3 sany ak çägeli aýry plýažlary we onuň içinde daýwing merkezi hem-de Ýakyn Gündogaryň iň uly akwaparky bar. 2008- nji ýylda açylan bu myhmanhananyň gurluşygyna 1,5 mlrd amerikan dollary sarp edildi.
“Burj Al Arab“ Dubaý
“Dubaý“ diýlende – “Burj Al Arab“ myhmanhanasy göz öňüňe gelýär. 1999-nji ýylda gurlan 7 ýyldyzly bu myhmanhana 650 mln amerikan dollary sarp edildi. Burj Al Arab dünýäniň iň beýik myhmanhanalarynyň biri hasaplanýar. Ol Dubaýyň nyşany bolup, özüniň üýtgeşik gurluşygy bilen tapawutlanýar.
“Emirates Palace“ Abu-Dabi
Özüniň owadanlygy bilen görenlerde täsir galdyrýan “Emirates Palace“ myhmanhanasy BAE-niň Abu-Dabi şäherinde ýerleşýär. Töweregi 85 gektar baglyk bilen gurşalan bu myhmanhana 302 otagdan, 92 lýuks otagdan, beýikligi 80 metr bolan 114 sany gümmezden ybaratdyr. Myhmanhananyň uzynlygy bolsa 1 kilometre barabar. 2005-nji ýylda gurlan, 5 ýyldyzly bu myhmanhananyň gurluşygyna 6 mlrd amerikan dollary sarp edildi.
Ogulnar ORAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.