Häzirki wagtda Koreýa Respublikasynda aşpezlik we baýramçylyk, toý medeniýeti, däp-dessurlar we edep-terbiýe ýaly köp gadymy koreý däpleri saklanyp galypdyr.
Olaryň özboluşly aýratynlygyna seredenimizde göräýmäge adaty toý ýaly bolup görünse-de, Kaştan toýy öz adaty bolmadyk taraplary bilen beýlekilerden tapawutlanýar. Häzirki wagtda koreýleriň aglabasy toýlaryny häzirki zaman Günbatar stilinde geçirmegi makul bilseler-de, köpüsi henizem gadymy däp-dessurlary bu dabara goşýarlar. Olaryň biri hem toýdan soň derrew dowam edýän maşgala ýygnagydyr. Bu ýerde täze gelin we adamsy milli koreý eşiklerini geýýärler we ene-atalaryna baş egýärler. Soňra maşgala agzalary kashtanlary(agajyň görnüşi) geline atýarlar, ol özüne atylan kashtanlary hökman tutmaga synanyşmaly. Tutýan hozlarynyň sany, olaryň dünýä injek çagalarynyň sany bilen baglanyşyklydygyna ynanylýar. Giýew, gelni geljekde goldajak ýan ýoldaş hökmünde özüni görkezmek üçin gelni stoluň töwereginde arkasyna göterýär. Bu däp, ýigidiň täze aýalyny öýüne alyp gitjekdigi hakyndaky koreýleriň gadymy däp-dessurlaryndan gelip çykýar.
Synagda iris süýjüsi. Adaty uniwersitetiň giriş synagyndan geçmek koreýleriň durmuşynda iň kyn meseleleriň biridir. Synag, olaryň haýsy uniwersitete girjekdigini kesgitleýär, soň bolsa olaryň işine we nikalaşmagyna täsir edýär. Bu möhüm synagdan ozal, dalaşgärler ruhy taýdan derejesini ýokarlandyrmak üçin köplenç dostlaryndan we maşgalasyndan “şowlulyk torbalaryny” alýarlar. Bu sowgat torbalarynda adaty koreý iris süýjüsi bar. Gadymy koreý däbine görä iris süýjüsi dalaşgärleriň bilimlerini berkidýän bolsa, munuň tersine, deňiz ösümliklerinden taýýarlanan çorbany synagdan bir gün iýmekden saklanmaly, sebäbi dogry jogaplar “gözden ýitip biler” diýip ynanylýar.
Koreýlerde öz ykbalyňy saýlamak däbi. Çaganyň ilkinji doglan güni Koreýada möhüm waka hasaplanýar. Geçmişde kesel we açlyk köp adamyň ölmegine sebäp bolupdy, durmuşyň birinji ýylynda diri galmak möhüm wezipe bolup durýardy. Şonuň üçin Koreýada ilkinji doglan gününi bellemek ajaýyp we ýatdan çykmajak derejede geçirilýär. Şu wakalaryň syrly aýratynlygyna hem “dožabi” diýilýär. Soňra çaganyň öňünde kitaplar, boýaglar hem-de pul kopilkalary goýulýar we çagany şolaryň haýsy hem bolsa birini saýlamaga çagyrylýar. Bu däbiň geljegi çaklaýandygyna ynanylýar. Eger çaga kitap saýlasa, onuň geljekde akylly, puly saýlasa baý bolar diýip hasap edilýär. Mikrofonyň saýlanmagy, öz döredijiliginde üstünlikli karýerany görkezip biler, stetoskop bolsa geljekde lukman boljakdygyny çaklaýar. Ýöne häzirki wagtda çaganyň saýlap biljek zatlarynyň görnüşleri jemgyýetiň ösmegi we wagtyň geçmegi bilen üýtgedi.
Koreý däbinde ýene bir adaty bolmadyk däpleriň bir hem bir çorbanyň adamy bir ýaş ýokary görkezmek ukyby. Koreýlileriň iki sany doglan güni bar: biri aý senenamasynyň birinji güni bellenilýän doglan güni – Täze ýyl güni we hakyky doglan günleri. Koreýliler jemgyýete köp üns berýändigi sebäpli, birinji doglan günleri olar üçin has hem möhümdir. Koreýlileriň birinji doglan güni Täze ýyl güni bilen bilelikde bellenilýär, sebäbi bu maşgala agzalarynyň hemmesiniň bir ýaş ulaljakdygyna ynanylýar. Koreýliler Täze ýyl säherini koreýlileriň milli nahary bolan tabakda tteokguk, ýakymly gülýaprakly tüwi çorbasy bilen başlaýarlar. Däp bolşy ýaly, ak tüwi arassalygy, adatyň özi bolsa, geljek ýylyň şowlulygyny aňladýardy. Koreý däbine görä, eger kimdir biri şol gün bir tabak tteokguk iýmese bir ýaş ulalmaýar diýip hasaplanýar.
Kimçi medeniýeti. Kimçi – gyzyl çili sousy we ançous pastasy bilen fermentlenen dürli duza ýatyrylan gök önümler, esasanam, duza ýatyrylan kelem. Kimçi Koreýa medeniýetiniň simwolydyr. Daşary ýurtlulara onuň tagamy känbir ýarap barmaýar, sebäbi ýakymly ysy bilen bir hatarda, ýiti duzly we turşy tagamlydyr. Şeýle-de bolsa, ýerli ýaşaýjylaryň tüýs ýürekden hormatyna mynasyp bolan tagamlaryň biri bolmagynda galýar. Koreýlilerde bu tagam bolmasa, koreý stoluny göz öňüne getirmek mümkin däl. Koreýada Kimçžan festiwaly her ýyl geçirilýär. Bu festiwal müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen däp bolup, gyşa taýýarlanmak boýunça geçirilýän festiwal nesilden-nesle geçip gelýär.
Günorta Koreýada gyzykly maşgala gümrükhanasy. “Bir eliňiz bilen el çarpyp bilmersiňiz”. Bu koreý nakyly koreýleriň maşgala bolan garaýşyny ajaýyp suratlandyrýar. Bu nakyl maşgalanyň berkligi, agzybirligi, uzak ömürliligi, maşgala agzalarynyň biri-birine bolan sylag-hormatyndan gelip çykýandygyny düşündirýär.
Günorta Koreýada ýaşulular. Günorta Koreýa konfusianizm ideýalarynyň mirasdüşeri. Konfusiý hemişe we hemme zat ilki bilen ýaşululara degişlidigini aýtdy. Bu barada pikir alyşylmaýar. Şeýle hem, ähli gatnaşyklaryň “siao” (ýa-da koreý dilinde “he”) – ikitaraplaýyn sylanyşyga esaslanmalydygyny aýtdy. Konfusiý erbet maslahat bermeýär, şeýlemi? Günorta Koreýada adaty garrylyk pensiýasy ýok. Zähmet ýoly gutarandan soň, işgär bir gezeklik töleg alýar – ortaça ýyllyk, aýlyk işleýän ýyl sanyna köpelýär. Bu pul gutaransoň, ene-atalar diňe çagalara bil baglaýarlar. Şondan soň, oglan maşgalasy bilen ene-atasynyň ýanynda bolýar we aýlyk almaklary bes edilenden soň ene-atasynyň eklenmegine jogapkär bolýar.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan:
Humaý MEREDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.