SliderŽurnalistiň sahypasy

Şu gün – Bütindünýä telewideniýe güni

21-11-2022 / 10

1996-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 21-nji noýabry Bütindünýä telewideniýe güni diýlip yglan edildi.

Bu güni parahatçylyk, howpsuzlyk, ykdysady we jemgyýetçilik ösüşi we medeni alyş-çalşygy giňeltmek ýaly meseleler boýunça telegepleşikler arkaly belläp geçmegi Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine girýän döwletler teklip etdiler. Aslynda, Bütindünýä telewideniýe güni telewizoryň tehniki taraplary bilen bagly bolman, durmuşymyza getirýän çäksiz ýeňillikleri we mümkinçiliklerini, peýdaly taraplaryny aýan etmek üçin bellenilip geçilýär. Şeýle hem  häzirki zaman dünýämizde telewideniýe aragatnaşyk we globallaşmagyň nyşanyna öwrüldi.

Internet maglumatlaryndan bilşimiz ýaly, telewideniýäniň takmynan bir asyrlyk taryhy bar. Elektron şöhlelerini belli aralyklara geçirmek we almak üçin ilkinji synaglar 1920-nji ýylyň başynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Ýaponiýada we Sowet Soýuzynda geçirilipdir.

1933-nji ýylda Wladimir Zworykin telewizoryň esasy bölegine öwrülen katod turbasyny oýlap tapmagy başarýar. Zworykiniň açyşynyň netijesinde 1936-njy ýylda Beýik Britaniýada we Germaniýada, 1941-nji ýylda bolsa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda yzygiderli teleýaýlymlar başlanypdyr.

Geçen asyryň 50-nji ýyllarynda teleýaýlymlar Ýewropada-da giňden ýaýrap ugraýar. Häzirki zaman dünýämizde, esasan hem, ýaşlaryň arasynda internetiň maglumat we güýmenje çeşmesi hökmünde meşhurlygynyň artýandygyna garamazdan, telewideniýe aragatnaşyk we globallaşmagyň nyşany hökmünde ähmiýetini ýitirmedi. Jemgyýetçilik pikiriniň döremegine we ýaş nesliň terbiýesine täsir edip, bütin dünýäde ähmiýetlidir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan:
Tumar BAKYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu