
Türkmeniň düýe malyny niýeti päk, süňňi halal adamyň saklamagy we sagmagy hökmanydyr. Düýe sagýan türkmen zenanyň ýanyna hiç hili hassalyk barmaz eken. «Çöküp oturan düýe malyna arkaňy ýaplap otursaň, endamyňdaky agyryny alarmyş» diýip atalarymyz gürrüň ederdi.
Düýe çalynyň dermanlyk derejesi uludyr. Çal özüniň himiki düzümi boýunça aňsat özleşýän hem-de oňat siňýän ýokumly iýmit bolansoň, ony lukmançylykda hem ulanýarlar.
Lukmanlar düýe çalynyň adamyň nerw ulgamyna oňat täsir edýändigini, çal içýäniň şähdiniň açyk bolýandygyny, gaharjaňlyk, işe ukypsyzlyk ýaly kemçilikleriň aradan aýrylýandygyny, garry adamlar üçin hem düýe çalyny içmekligiň örän peýdalydygyny, düýe çalynda «C» witamini köp bolansoň, gandaky holestiriniň mukdaryny azaltmaga täsir etmek bilen, arterosklerozyň öňüni alyş çäresi bolup hyzmat edýär. Düýe çaly gany az keseller üçin hem peýdalydyr. Ir-iýmişlerde, miwelerde bolşy ýaly, düýe çalynda hem her dürli mineral duzlar bardyr. Şoňa görä-de ýürek, böwrek keselleri bilen kesellänlere, nerw ulgamynyň näsaglygynda, ysgynsyzlykda, öte ýadawlykda düýe çalyny içmek örän peýdalydyr. Düýe çalyny hemişe içip ýören adamlarda diş agyry keseli seýrek bolýar. Onuň çalynyň düzümindäki maddalar dişiň syrçasynda maddalaryň çalyşmagyna täsir edýär. Şunlukda çal dişi berkidýär.
Düýäniň köşegi dünýä inende, «Düýämiz botlady» diýilýär. «Bota» sözi köşek manysyny aňladýar. Halk arasynda inen köşek bolsa «Höwri köp bolsun!» diýilýär, erkek köşek bolsa, «Hatardaky iner bolsun!», «Hatar düzýän iner bolsun!», «Ýük çekýän iner bolsun!» diýilýär. Düýe maly hiç wagt kemis köşegi dünýä indermeýär. Botlanyny hem adamlara görkezmän botlaýar. Ol utanjaň haýwan, ynsany sylaýan mal. Düýe kiçiräk oglanjygam owsaryndan çekip, «çök!» diýse çökýär. Düýe sagýan aýal adamynyň süňňi halal, päkize, niýeti-päli düzüw, mylakatly bolmaly. Düýe süýdi üçin niýetlenen gaby boýnundan asyp, körpe köşegi azajyk emdirip, soňra köşejigi enesiniň golaýynda daňmak bilen sagylýar. Şeýdilende, düýe maly gowy sagdyrýar. Arwana düýeler ýakymly owaza bilen «hörele köşegim, hörele» diýip taryplanynda gowy sagdyrýar. Düýe sagýan adam iki eli bilen sagmaly. Düýäniň köşegi üçin iki emjegindäki süýdi sagylman goýulýar. Düýe maly örän duýgur bolýar. Düýe sagmaga barýan adam mähirli we hoşamaý bolmaly. Düýe maly bilen iş salyşaňda, hemişe hem hoş sözli, mähriban bolmaly.
Düýe maly gaty ýatkeş we namysjaň haýwan. Nähak ýere göwnüne degilse, hiç wagt ýatdan çykarmaýar. Pursadyny peýläp, nähak ynjydandan aryny alýar. Hemişe çal içip ýören adamlarda bruselýoz (goýun) keseli bolmaýar. Sebäbi bu keseli döredýän mikroblar, çalda kislota bardygy sebäpli ýaşap bilmeýär. Düýe çaly gepatit (sarygetirme) kesellerini bejermek üçin hem dermandyr. Çalyň düzüminde ýod bolansoň, çiş kesellerine garşy derman hökmünde hem ulanylýar. Adamyň ýüzüne düşýän ýygyrtlara garşy göreşmekde hem düýe çaly peýdalydyr. Düýe çalyny gadym eýýamdan bäri her hili zäherlenmelere garşy derman hökmünde hem ulanyp gelipdirler. Şeýle-de düýe çalyny her hili aýal kesellerini, içege kesellerini bejermek üçin içýärler.
Taýýarlanlar: Aýsülük SAPARGLYJOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Maldarçylyk kafedrasynyň mugallymy.
Aýnabat HALYNÝAZOWA,
Weterinar lukmançylygy hünäriniň 5-nji ýyl talyby.



