SliderŽurnalistiň sahypasy

Terbiýe – iň gowy miras

20-11-2022 / 15

Perzentlerimize bilim bermek meselesine jogapkärçilikli garap, mugallym bilen çaganyň arasyndaky arabaglanyşygy ýola goýmagy başarmak hem ilkinji wajyplyklaryň biridir. 

Mä­lik şanyň köşgünde ýigrimi ýyllap işlän we Gündogarda täze pi­kir öwrülişigini ‎esaslandyran beýik alym, ymam Muhammet Ga­za­ly­ özüniň «Ylym barada kitap» atly eserinde: «Mugallymçylyk käriniň inçe hususy­ýet­leriniň biri-de talyby ýaramaz ahlaklaryň täsirine düş­mek­den saklamagydyr. Mugallym bu wezipäni gödeklik bilen däl-de, eýsem, mylaýymlyk bilen berjaý etmelidir. Çünki gödeklik bilen hereket etmek haýa perdesini ýyrtýar, talypda mugallyma gaýtawul bermek duýgusyny döredýär, hötjetlik oýarýar».

Terbiýe, ylym-bilim meselesinde ene-atanyň, mugallymlaryň öňünde örän uly wezipeler durýar. Mugallym bilen okuwçynyň arasynda berk bir bag bolup, ol okuwçynyň mugallyma bolan hormat-sylagy, mugallymyň bolsa sapak geçende okuwça jany-teni bilen mowzugy düşündirmäge bolan ymtylyşy bilen baglydyr. Çünki okuwçyda mugallymyny görende, özüniň ähli sowallaryna jogap alyp biljekdigine ynamy bolmaly. Talyp bilen mugallymyň arasyndaky özara düşünişmek berkände, ynam hem ylym datly miwesini berer we talybyň halypasyna bolan hormat-sylagy berkär. 

«Haýsy çagaňy has gowy görýäň?» diýip, birinden soranlarynda, ol: «Ulalýança körpämi, gutulýança syrkaw çagamy, gaýdyp gelýänçä gaýyp (bir ýere giden) çagamy has gowy görýärin» diýipdir. Hawa, ene-ata üçin ähli çagasy hem ezizdir we mähribandyr.

Mähriban ene-atalar, pederlerimiziň her bir dana sözlerini durmuşymyza şamçyrag, gursagymyza nagyş edip, nusgalyk ata-ene bolmak tapylgysyz bagtdyr.

Altyn GUTLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu