ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 33-nji mejlisinde yglan edilen «Bütindünýä filosofiýa güni» dünýä jemgyýetçiligini filosofiki pikirleriň baýlygy bilen tanyşdyrmak maksady bilen her ýyl noýabr aýynyň üçünji hepdesinde geçirilýär. Häzirki wagtda filosofiýa güni ÝUNESKO agza ýurtlaryň 70-den gowragynda giňden bellenilýär. Filosofiýa grekçe «phlosophía» diýen sözden gelip çykyp, «paýhasa bolan söýgi» diýmekligi aňladýar. Paýhasyň beýany we söýgüsi hökmünde pelsepe bize islendik bir pikir hakda pikirlenmegi, hakykatlary öwrenmegi we öz netijelerimizi dogry çykarmagymyzy öwredýär. Umuman, ynsanperwerligiň bir bölegi bolan pelsepe – adam durmuşynyň her bir ugruny sorag astyna alýar.
Filosofiýa hakykatyň we barlygyň tebigatyny, nämäni bilip boljakdygyny we dogry we nädogry özüni alyp barşyny öwrenmekdir. Filosofiýa diňe bir özüne çekiji ylmy düzgün bolman, eýsem, ol jemgyýetleri üýtgedip biljek gündelik durmuş tejribesidir. Filosofiýa dünýäde bar bolan intellektual hereketleriň dürlüligi dogrusynda tanyşmak bilen medeniýetleriň gepleşiklerine goşandyny goşýar. Şeýle-de, pikirlenmäge we konstruktiw pikir alyşmaga gyzyklanma döredýär, çydamlylyk we hormat ýörelgelerine, has gowy hormat goýulýan jemgyýetiň döremegine itergi berýär. Netije-de, filosofiýa – döwrümiziň esasy meselelerine düşünmäge we jogap bermäge kömek edýär, şeýle hem üýtgeşmeleri amala aşyrmak üçin zerur şertleri döredýär.
Bütindünýä filosofiýa gününiň esasy mowzugy filosofiki gepleşikleri, çekişmeleri, konferensiýalary, seminarlary, medeni çäreleri we çykyşlary gurnamakdan ynarat bolup durýar. Çärelere gatnaşmak üçin tebigy we jemgyýetçilik ylymlarynyň ähli ugurlaryndan filosoflar, alymlar, professor mugallymlar, talyplar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de, halk köpçüligi çagyrylyp bilner.
Filosofiýa bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky baglanyşyk, dünýäde uzak möhletli parahatçylygyň we howpsuzlygyň ýola goýulmagy üçin zerur şertler baradaky gözlegden gelip çykýar. ÝUNESKO bu gün ähli hyzmatdaşlaryny döwrümiziň derwaýys meseleleri barada erkin pikir alyşmaga çagyrýar.
Elman ERKINJANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.