Habarlar

APEK: liderleriň duşuşygy geçirildi

20-11-2022 / 10

Şu ýylyň noýabr aýynyň 18-19-yna Tailandyň paýtagty Bangkokda Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygy (APEC) forumyna gatnaşýan liderleriň duşuşygy geçirildi. Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygy sebitiň 21 ykdysadyýetiniň söwda we maýa goýumlaryny ýeňilleşdirmek we liberallaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk sammitidir. Oňa Awstraliýa, Bruneý, Kanada, Indoneziýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Malaýziýa, Täze Zelandiýa, Filippinler, Singapur, Tailand, ABŞ, Taýwan, Gonkong, Hytaý, Meksika, Papua Täze Gwineýa, Çili, Peru, Russiýa, Wýetnam gatnaşýar.

Sammite Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň 21 ýurdundan döwlet Baştutanlary, degişli ministrlikleriň ýolbaşçylary, hususy pudagyň wekilleri we halkara jemgyýetçilik guramalary gatnaşdy. Her ýylda geçirilýän bu duşuşygyň barşynda Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň durnukly ösüşiniň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Geçirilen bu sammit 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ýüzbe-ýüz geçirildi. Sammitiň esasy wakalary iki umumy mejlisde jemlenip, durnukly ösüşe, söwda we maýa goýumlaryny ösdürmäge bagyşlandy. Forumyň dowamynda oba hojalygyny ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, üpjünçilik zynjyrlaryny güýçlendirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, maslahatda howanyň üýtgemeginiň täsirlerine garşy göreşmek we howa goýberilýän zyýanly gazlary azaltmak üçin has köp tagallalaryň zerurdygy bellenildi.

Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygynyň ýolbaşçylarynyň indiki duşuşygy 2023-nji ýylda ABŞ-nyň San-Fransisko şäherinde geçirmegi ylalaşdylar. Gatnaşýan ýurtlarda dünýä ilatynyň, takmynan, 40%-i ýaşaýar, jemi içerki önümiň, takmynan, 54%-ini we dünýä söwdasynyň 44%-ini eýeleýär. Birleşik 1989-njy ýylda Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň Premýer-ministrleriniň başlangyjy bilen Kanberrada döredildi.

Forumyň maksady ykdysady ösüşi ýokarlandyrmak, sebitdäki abadançylygy we Aziýa-Ýuwaş umman jemgyýetini güýçlendirmekden ybaratdyr.

Ismail ROZUMBAÝEW,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu