18-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň 21-22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine meýilleşdirilen resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Ýokary derejede geçiriljek gepleşikler häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we uzak möhletleýin geljegi nazara almak arkaly Birleşen Arap Emirlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge, döwletara gatnaşyklary täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, daşary işler ministrine Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapara taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
«TürkmenGazet».