Bu barada 18-nji noýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berildi.
Ýurdumyzyň medeniýet toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer 23 — 25-nji noýabrda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Medeniýet günleriniň çäklerinde Täjigistanyň häzirki zaman suratkeşleriniň, şekillendiriş sungaty eserleriniň, neşir önümleriniň, milli lybaslarynyň sergisiniň, birnäçe beýleki medeni çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, beýleki halklar bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda şeýle medeni çäreleriň möhüm ähmiýetini belledi we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
«TürkmenGazet».