BEÝNINI IŞJEŇLEŞDIRÝÄN ULGAM
Moskwa döwlet uniwersitetiniň Funksional genomika instituty Stokgolm uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda öýjükleriň işjeňligini ýokarlandyrýan molekulýar gurluşyň üstünde iş alyp barýarlar.
Ulgamyň işi bozulan adamlarda, jandarlarda akyl ýetiriş, netije çykaryş ukyby pes bolýar. Netijede, daş görnüşinden sagdyn bolsa-da, ylmy dilde «mitohondriýa» diýlip atlandyrylýan bu ulgamy bozulan jandarlaryň öz durmuş hajatlary üçin zerur bolan endikleri özleşdirip bilmeýändikleri ýüze çykaryldy. Degişli hünärmenler gelnen netijeleriň gutarnykly däldigi, entek düýpli barlaglaryň geçirilmelidigi hakynda aýdýarlar.
☆ ☆ ☆
ÄLEM GIŇIŞLIGINDE ÝAŞAÝYŞ
Älem giňişligini adamzadyň bähbidine özleşdirmek, ýaşaýyş üçin amatly şertleri döretmek babatda dürli garaýyşlar, pikirler, taslamalar orta atylýar. Golaýda fin bilermeni Pekka Ýanhunen orbitamyzyň kiçijik planetalarynyň biri bolan Sererada adamzat ýaşaýşy üçin oňaýly şertler bilen üpjün edilen «O’Niliň silindri» diýlip atlandyrylýan ägirt uly desgany gurmak hakynda pikiri öňe sürdi.
Bu desganyň içinde ýerdäki howa şerti, ýaşaýyş infrastrukturasy dörediler. Gün şöhlesiniň has ýetmezçilik edýändigi sebäpli, äpet aýna arkaly emeli Gün döretmek hem meýilleşdirilýär.
Taýýarlan: Güljan DÖRTGULYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby.