SliderŽurnalistiň sahypasy

Medeniýet halklary birleşdirýär

19-11-2022 / 14

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlaryndaky döwletara gatnaşyklary barha ösdürilýär. Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy. 2007-nji ýylda Aşgabatda Koreýanyň, 2013-nji ýylda bolsa Seulda Türkmenistanyň ilçihanalarynyň açylmagy iki dostlukly döwletiň diplomatik gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Türkmen halkynyň baý medeniýetini wagyz etmek, şeýle hem daşary ýurtlar bilen medeni gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlarynyň biridir. Şeýle däp-dessurlarymyzdan ugur alyp, ýurdumyzda daşary ýurtlaryň medeniýet we kino günleri ýaly dürli derejedäki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Muňa mysal edip, noýabr aýynda Türkmenistanda Koreý medeniýetiniň günleriniň geçirilmegi hem aýdyň subutnamasydyr.  

Koreýa Respublikasynyň baý taryhy hem-de medeniýeti bar. Koreý medeniýetiniň günleriniň çäginde geçirilen dostlukly Koreýa Respublikasynyň medeni çäresinde halkymyz koreý däpleri we medeniýeti bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Hepdeligiň dowamynda “hanbok” – zenanlaryň milli lybaslarynyň sergisi hem geçirildi. Hanbok koreý halkynyň milli egin-eşigi bolup, ol koreý dilinden terjime edilende “koreý geýimi” diýen manyny berýär. Hanbokyň emele gelşiniň taryhy gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýar we onuň biziň eramyzdan öňki I-VII asyrlarda döränligi barada aýdylýar. Koreýler bu geýimi köp ýyllaryň dowamynda geýip gelýärler. Koreý halkynyň özboluşlylygynyň nyşany hasaplanylýan bu geýimde koreýleriň ýüzi, pelsepewi garaýyşlary we estetiki häsiýetleri jemlenendir.

Şeýle hem bu medeni çäräniň dowamynda koreý halkynyň tagamlary bilen tanyşmaga we özboluşly ajaýyp tagamlary dadyp görmäge mümkinçilik döredildi. Olaryň esasy tagamlary tüwi, aş (kuksu, nenmen) we dürli çorbalary bar. Koreý tagamlary birneme ajy bolup, olaryň ähli tagamlarynda diýen ýaly gyzyl burç ulanylýar. Burçuň giňden ulanylmagyny onuň önümleri köp wagt saklaýandygy bilen düşündirilýär. Koreýanyň we oňa goňşy bolup oturan ýurtlaryň esasy tagamy tüwidir. Tüwi koreýlar üçin beýleki halklarda çörek bolşy ýaly, saçagyň aýrylmaz bölegidir. Onuň ýany bilen kimçhi (çimçi) pekin keleminden ajy işdäaçar hem berilýär.

Umuman, Koreý hepdeligi iki dostlukly ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň, hususan-da ynsanperwer ugrunyň has-da ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar.

Dünýägözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu