Dünýä gelenimi nämedir bir zat bilen aklasym gelýär… Söz gözleýärin! Guşlaryň hem öz asmanynyň bolşy ýaly, meniň arzuwlarymyň hem çägi-çygry barmyka? Ýokluk dünýäsinde barlygymy, öli ümsümlik içinde diriligimi nämedir bir zat bilen subut edesim gelýär…
Başymy göterip, töweregime garanjaklaýaryn… ähli tarapym söz! Diňe sözler bilen gepleşýärin! Harplar bilen syralşyp, syr berişýärin. Kiçijek harplar uly harplar bilen gol tutuşyp gelýärler, uzynly gysgaly kölegeler älemgoşar reňkinde ömrümiň ortasyndan çyzyk çekýär. Edil asmandaky bulutlar ýaly abanyp gelýän sözleriň gurşawynda ýitip gitmezlik üçin, owazlardan howada hiňňildik ýasanýaryn. Gözlerim näçe ýola ölüp-dirilýär… titreýän ellerim bilen Hudaýa hat ýazýaryn. Söýgüden teselli gözleýärin we ine, şu söýginiň içinde diri galýaryn.
Saçlarymyň her taryndan mähir ösüp çykýar. Damarlarymda mähir-muhabbet akýanlygyny, her bir öýjügimde söýginiň ganat ýaýýanlygyny gözüm bilen görüp durun! Men her bir günümi şeýle halda ugradaryn! Ýoluňahyrynaçenlibarýaryn. Günlerim gözden ýitýänçä seredip durýaryn… Men her gün dünýä gelenimi nämedir bir zat bilen aklasym gelýär…
Terjime eden: Orazmyrat MYRADOW.
ajaýyp