Gatlama
Dabarasy dag aşýan türkmen toýlarynyň bezegi bolan toý saçagynyň datly nygmatlarynyň biri gatlamadyr. Onuň hamyry köplenç, diňe suwa ýugrulýar. Gatlamanyň zuwalasy ilki ýukajyk edilip ýaýylyp, soňra onuň ýüzüne endigan ýag çalnyp, düýrlenilýär. Ýag alşyp, hamyr demini alansoň, gaýtadan onuň ýüzüne çemçe bilen bezeg edilýär. Soňra ody ölçerilip, köze duran gyzgyn ýagly gazanda bişirilýär. Gazanyň düýbi ýanmaz ýaly oňa demir gözenekli mejime oklanylýar.
Käbir obalarda gatlamalar galyň edilip bişirilýär. Gatlama taýyn bolansoň, sowadylyp, onuň üstüne şeker sepilýär. Gatlama toýa eltilende, jübüt-jübütden sekiz ýa-da on iki sany gatlama saçaga salynýar. Gatlama, umuman, guda gatnaşygynyň nygmaty hasaplanylýar.
Gatlama halk döredijilik eserlerinde hem ýatlanylyp geçilýär. Muňa aşakdaky setirler hem mysal bolup biler:
Gatlak-gatlak gatlama,
Gatlamadan ätleme.
Çelpek
Toý çelpegi üçin ilki bilen, urba ýaýradylýar. Soňra elenen un ilki dört çarýarlaryň ýoluna diýip, el bilen dört goşawuç guýulýar. Soňra üstüne iki goşawuç guýlup, hamyr jamda ýugrulýar. Toý ýerinde öýlenýän ýigidiň ejesi hamyr ýugrup oturanlara «elleri ýadamasyn» diýip, olaryň gollaryna ýaglyk daňýar.
Hamyr taýýar bolandan soň, köpügören halypa zenanlaryň biri ösümlik ýagyna barmaklaryny sokup, şol hamyrdan kiçijik kökejik ýasaýar. Kökejikler taýýar bolanyndan soň, aýallar özüne gapak, aş tagta, oklaw alyp, ony goşa-goşadan ýaýyp çykýarlar. Oňa arka diýilýär. Çelpek galapyn ulurak, ýukajyk edilip ýaýylýar. Onsoň başga bir zenan çelpegi ýapmaga başlaýar. Şonda gazany gyşygrak goýup, onuň gapdalynda ýag goýulýar. Çelpegiň birini gazanyň içinde goýup, üstünden ýag sepeleýärler. Çelpegiň iki tarapy deň bişirilýär. Soňra beýleki çelpekler ýeke-ýekeden gazana goýulýar. Şeýdip, çelpek ýapylyp gutarylýar we soňra ýelpenýär.
Bişençelpekleriň arasyna olar biri-birine ýelmeşmez ýaly goşa-goşadan dört eplenilen çelpekler goýulýar. Şeýdip, bir saçak edip, ony guda tarapa äkidýärler.
Ýeri gelende, çelpek bilen baglanyşykly halk durmuşyna ornaşan «Çelpek syrmak» dessurynyň bardygyny-da ýatlap geçmek artykmaçlyk etmez. Toý däbine görä, gelin gaýdyp gidende hem çelpek ýapylýar. Şonda bişip duran çelpekden duýdansyz el urup, alyp gaçmaga — «Çelpek syrmak» diýilýär.
Pişme
Toý nygmatlarynyň içinde pişme aýratyn orny eýeleýär. Pişme bişirmek üçin un, suw, şeker, azyrak hamyrmaýa, duz goşup, hamyr ýugrulýar we taýýar hamyryň üsti basyrylyp, ýyljak ýerde goýulýar. Aradan bir sagatdan gowrak wagt geçenden soň, hamyry ýaýyp, inedördül (romb) görnüşinde kesmeli. Şeýlelikde, hamyr böleklerini gazandaky gyzgyn ýaga atyp bişirmeli.
Pişme saçaga äberilende, üstüne şeker sepilýär. Myssyjak pişme islendik ýaşdaky adamlara iýmek üçin oňaýly bolýar. Toýuň-öýüň — saçagyň gelşigi hasaplanýan pişme dürli dabaralarda hem duz dadymlygy görnüşinde hödür-kerem edilýär. Bu barada halk döredijiliginde, toý aýdymlarynyň içinde şeýle setirler bar:
Göwni giň çöle meňzär,
Ak öýi güle meňzär,
Toý tutýan goňşymyzyň,
Pişmesi bala meňzär.
Altyn BEGENJOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Dokma önümçiligi hünäriniň 217-nji toparynyň talyby.