Siziň üçin...Slider

LEÝLISAÇ — Leýliniň saçymy?

18-11-2022 / 92

Söwütler maşgalasyna degişli bolan bu agaç juda owadan, özboluşly daşky görnüşi bilen tapawutlanýar. Akarlaryň boýunda ekilende, bu agaç tellerini aşak sallap, suwa garap saçyna timar berip oturan gyzy ýadyňa salýar. Rowaýatda bu agajy Leýli-Mejnun ýordumy bilen baglanyşdyrýarlar. Leýli gyzyň saçy şeýle bir owadan, şeýle bir uzyn bolupdyr welin, onuň ujy ýere deger durar ekeni. Şonuň üçin Oraz Aşyky:

Mejnuny ýandyrdy Leýliniň saçy,

Leýliniň saçyndan artar gulpagyň — diýip ýazýar.

Bir gezegem şeýle bolupdyr. Mejnun akaryň boýunda Leýliniň saçyny ýuwup duran pursadyny synlapdyr. Soňam öz bolşundan ejap edip, yzyna gaýdypdyr. Esli salymdan öwrülip gelse, Leýliniň ýaňky oturan ýerinde Leýli ýokmuş-da, edil Leýliniň keşbini ýatladyp duran agaç ösüp oturanmyş.

Mejnun ony synlap «Leýli, Leýli» diýip, ah çekip daşyndan aýlanypdyr. Şondan hem bu agajyň ady «Mejnunyň söwüdi», «Mejnun tal» bolup galypdyr. Häzirem bu agajyň «Leýlisaç» ady bilen birlikde «Mejnun tal» ady hem ýörgünli. Bu agaja pars dilinde hem «bidi Mejnun—Mejnun tal» diýilýär. Bu zatlaryň özi leýlisaç baradaky rowaýatlaryň juda gadymydygyna şaýatlyk edýär.

Bu owadan agaja ýurdumyzyň ähli ýerinde duşmak bolýar. Bahar aýlary leýlisaçlar gülleýän wagty tellerini ýere ýeter-ýetmez edip, Leýli gyzy, onuň rowaýata öwrülen saçyny ýatladýar.

Dursunjemal SARYÝEWA,
TMÝG-niň Dänew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu