Habarlar

Ýaş himikler bäsleşdiler

18-11-2022 / 14

14 — 17-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda himiýa dersi boýunça onlaýn usulda halkara internet olimpiadasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Oňa Russiýadan, Hytaýdan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Awstraliýadan, Ispaniýadan, Italiýadan, Awstriýadan, Rumyniýadan, Wengriýadan, Koreýa Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Malaýziýadan, Türkiýeden, Ukrainadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Azerbaýjandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Belarusdan ýokary okuw mekdepleriniň jemi 66-syndan talyplaryň 230-sy, Türkmenistanyň bilim ojaklarynyň 14-sinden talyplaryň 94-si gatnaşdy.

Olimpiadanyň uniwersitetiň professor-mugallymlary tarapyndan täzelenen internet platformasynda geçirilendigini aýtmak gerek. Ol gatnaşyjylary derejeler boýunça hasaba almaga, platforma girmek, ygtyýarlyklary ýüklemek we beýleki zerur sazlamalar üçin giriş hem-de açar sözi döretmäge mümkinçilik berdi. Ýumuşlar işlenip düzülende, halkara tejribe göz öňünde tutulyp, olimpiada gatnaşyjylara eminler toparynyň öz düzen meseleleri ýetirildi. Gatnaşýan ýurtlaryň giň geografiýasy göz öňünde tutulyp, meseleler türkmen, iňlis, rus dillerinde işlenip düzüldi. Himiýa we himiýa tehnologiýasy ugry boýunça okaýan talyplar (A dereje) we beýleki hünärlerde bilim alýan ýaşlar üçin (B dereje) iki derejede geçirilen halkara olimpiadanyň netijelerini jemlemek, onuň hasabatlaryny, beýanlaryny üç dilde taýýarlamak üçin hem ýörite programma üpjünçiligi işlenip taýýarlanyldy.

Şunlukda, olimpiadanyň netijeleri boýunça A derejede baýrakly orunlaryň 81-si kesgitlenip, olardan 16-sy birinji, 23-si ikinji, 49-sy bolsa üçünji orunlary eýelän talyplardyr. B derejede baýrakly orunlaryň 48-si kesgitlenildi. Onda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary jemi 37 ýeri eýeläp, şolaryň 6-sy birinji, 14-si ikinji, 17-si bolsa üçünji orunlardyr. Her dereje boýunça toparlaýyn birinjiligiň ýeňijileri-de yglan edildi. Şonda programma üpjünçiliginiň her ýokary okuw mekdebiniň çäginde talyplaryň gazanan ballaryny jemläp, awtomatik ýagdaýda kesgitlän netijesine laýyklykda, A derejede ýer eýeleri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň topary 186 bal bilen ýeňiş gazandy. Şunda 152 bal toplan Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň topary ikinji, 145 bal gazanan Gazagystanyň L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň topary bolsa üçünji orna mynasyp boldy. B derejede toparlaýyn birinjilikde 286 bal toplan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň topary aýratyn tapawutlanyp, öňe saýlandy. 233 bal alan Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hem-de 221 bal toplan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň toparlary, degişlilikde, ikinji we üçünji orna mynasyp boldular.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu