Habarlar

Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalyna badalga berildi

16-11-2022 / 16

Şu gün — 16-njy noýabrda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynda Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. 

Açylyş dabarasyna jemgyýetçilik guramalarynyň, iki ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat ussatlary, ýaşlar, köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.

Iki gün dowam etjek festiwalyň çäklerinde dürli çäreleri, şol sanda döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, teatr artistleriniň sahna oýunlarynyň we filmleriň görkezilişini guramak meýilleşdirilýär.

Halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagynda, medeniýetleriň özara baýlaşmagynda bu festiwalyň geçirilmegi uly ähmiýete eýe bolar.

Hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen geçirilýän festiwal gadymyýetden gaýdýan dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan, iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

Jennet MYRADOWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu