Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde 16-17-nji noýabrda geçiriljek türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da berkeýändigini alamatlandyrýar. Şu gün — 15-nji noýabrda bolsa festiwala gatnaşyjy myhmanlar «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýadygärlikler toplumyna baryp gördüler.
Halk içinde «360 pirleriň mekany» diýlip tanalýan gadymy topragyň baý taryhy, gaýtalanmajak ýadygärlikleri, täsin milli mirasy festiwala gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Bu ýerde döredijilik söhbetdeşlikleri geçirildi.
Iki gün dowam etjek festiwalyň çäklerinde dürli çäreleri, şol sanda döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, teatr artistleriniň sahna oýunlarynyň we filmleriň görkezilişini guramak meýilleşdirilýär. Halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagynda, medeniýetleriň özara baýlaşmagynda bu festiwalyň geçirilmegi uly ähmiýete eýe bolar.
Hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen geçirilýän festiwal gadymyýetden gaýdýan dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan, iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ýardam eder.
Enejan MAMEDOWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.