Göwün küýsegiSlider

Enelik zenany owadan edýär

(Paýhasly jümleler)

15-11-2022 / 15
  • Öwezini has artykmajy bilen dolmajak bolsa, Alla senden hiç zat almaz.
  • Jogaplary bilen gyzyklanmaýan soraglaryňy sorama!
  • Adamyň durmuşyndaky iň ýigrenji zat ölümdir.
  • Enelik zenany owadan hem paýhasly edýär.
  • Gözleriňi ýumup söýmek hem ýigrenç bilen des-deňdir.
  • Adam özüni hiç kime derkar bolmadyk manysyz iş etmäge mejbur edenlerinde moral taýdan ejir çekýär.
  • Akylly we ak göwünli adamy döreden adam iň ökde ussadyr.
  • Adamda üç sany betbagtçylyk bolýar: ölüm, garrylyk we kemalsyz çagalar.
  • Dostlaşmagy başarman, sen özüňi talaýarsyň.
  • Özgelere öýkünmek özüňe kast etmek bilen barabardyr.

Toplan Ogulbibi KÄNÄÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bäherden etrap komitetiniň sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy boýunça EHM-niň operatory.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu