SliderŽurnalistiň sahypasy

Tapmaça çözmek – gowy güýmenje

14-11-2022 / 39

Tapmaça çözmek boş wagtyňy gyzykly geçirmegiňe ýardam edýär. Mundan başga-da, tapmaça çözmekligiň ähmiýetli taraplary köpdür. Has takygy, fiziki türgenleşikde adam bedenindäki myşsalaryň ösüşi ýaly, tapmaçalar hem aň-beýni ulgamynyň kämilleşdirilmegini, ýatkeşligiňi has-da gowulandyrýar.

Eger-de adam çylşyrymly meseleleri çözmek bilen beýnisini yzygiderli türgenleşdirýän bolsa, onuň aň işjeňligi öňküsinden has ýokarlanyp başlaýar. Tapmaça çözmek hem edil şol usula görä, beýni üçin ýerine ýetirilýän maşklaryň biridir. Bedenterbiýe maşklaryndaky her bir hereketiň belli bir beden agzasyna täsir edişi ýaly, dürli görnüşli tapmaçalar hem beýniniň dürlüçe böleklerini ösdürmäge ýardam edýär. Meselem «Syçanjyga peýniri tapmaga kömek et!» diýen ýaly labirintli tapmaçalar giňişlikde ugur kesgitlemegi öwredip biler. Galyberse-de, şeýle tapmaçalar körpeje çagalaryň barmaklarynyň işjeňligini artdyrýar.

Kerim GARAŞOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ  Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 5-nji NGDSG hünäriniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu