Siziň üçin...Slider

Koreýanyň dünýä meşhur kompaniýalary

Türkmen-koreý diplomatik gatnaşyklaryna 30 ýyl

14-11-2022 / 10

Häzirki wagtda  Günorta  Koreýa diýlende, bütün dünýäde meşhurlyga eýe bolan  “LG”, “Samsung” , “Hyundai” , “Daewoo” kompaniýalary we olaryň öndürýän önümleri göz öňüne gelýär.  Bu kompaniýalaryň önümlerine dünýäniň ähli künjeginde uly isleg bildirilýär. Önümleriň ýokary hili elýeterli bolmagy ulanyjylaryň islegini doly kanagatlandyrýar. Kompaniýalar dünýä bazaryna esasan elektrotehnikalaryny, durmuş enjamlaryny,  awtoulag harytlaryny we şuňa meňzeş önümleri çykarýarlar.

Dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolan bu kompaniýalaryň her biriniň özüne mahsus bolan taryhlary bar. “Samsung” koporasiýasy 1938-nji ýylda esaslandyrylýar. Koreý dilinde “Samson”-“üç ýyldyz” diýen manyny aňladýar. “Samsung” diýilende ilki bilen ykjam telefonlar, elektron harytlar, gündelik durmuş harytlary gelýär. Emma asyl taryhyna ser salanyňda bolsa, bu korporasiýa kakadylan balygy lomaý satyjy firma hökmünde esaslandyrylýar. 60-njy ýyllarda has ösen bu kompaniýa 1973-nji ýylda durmuş tehnikasyny öndürýän zawoduň gurluşygyny tamamlady. “Samsung” geçen asyryň 90-njy ýyllaryndan başlap dübýä bazaryny ymykly eýeledi. 2004-nji ýylda korporasiýa ykjam telefonlary öndürmekde dünýäde “nokia”-dan soň 2-nji orna geçdi.2004-nji ýylyň başynda “Samsung”dünýäde ilkinji bolup suwuk  kristalekranly telewizorlary öndürmäge başlady. Häzirki wagtda bolsa dünýäde 50-den  gowrak  ýurtda kompaniýasynyň wekilhanasy bar.

“Hyundai” kompaniýasy – ýaşlygynda ýükçi we awtoslesar bolup işlän Çon Çžu Ýon 1947-nji ýylda dogany bilen birlikde gurluşyk firmasyny  esaslandyrýar. “Hyundai” – “hýönde” diýen sözden gelip çykyp “häzirki zaman”  diýmegi aňladýar. Ol ilkibada Ýakyn Gündogarda we Günorta – Gündogar Aziýada binalary gurýarlar. 1967-nji ýylyň dekabr aýynda bolsa “Hyundai” kompaniýasy awtoulaglar öndürip başlady. Bu waka Günorta Koreýada watoulaglaryň  senagat taýdan öndürülmeginiň başyny başlapdy.Kompaniýa  ilkibada  “Ford” kompani- ýasynyň britan bölümi bilen hyzmatdaşlyk edip başlaýar. 2003-nji ýylda      “Hyundai ” bäş sany özbaşdak kompaniýa bölündi.

LG –bu kompaniýa diňe bir koreýa däl eýsem dünýä biznes-elitasynyň hataryna girýän kompaniýadyr. Onuň taryhy 1947-nji ýylda işewür  Ku In Hoý tarapyndan  Lak Chemical Co kompaniýasyny esaslandyrmak bilen başlaýar. Ol ilki bada kosmetika önümleri çykarypdyr. Soňabaka  bolsa himiki materiýalary öndürmekde täze tehnologiýalary özleşdirip, milli bazarda agalyk ediji orna geçipdir. LG kompaniýasy 1959-njy ýylda Koreýada ilkinji tranzistorly radiopriýomnigi öndürip başlapdyr. 1960-njy ýylda elektrik wentilýator, 1966-njy ýylda ak-gara telewizor,1989-njy ýylda kir ýuwujy maşyn, 1970-nji ýylda awtomatiki köp düwmeli  telefon enjamy öndürilip başlapdyr. 1975-nji ýylda kompaniýa özüniň ylym-barlag merkezini açypdyr. 1981-nji ýylda LG ABŞ-da önümçilik kärhanasyny açypdyr. 1995-nji ýylda Lucky we Gold Star-yň himiýa önümçiligi LG bitewi kompaniýasyna birikdirilýär. Häzirki wagtda LG transmilli  koreý kompaniýasydyr.

Oguzhan MUHAMMETNAZAROW,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu