SliderSyýahatçylyk

Koreýa gaýybana syýahat

14-11-2022 / 12

Türkmenistanda Koreý medeniýetiniň günleri üstünlikli tamamlandy. Koreýa özüniň gözel tebigaty, meşhur adalary, şäher gurluşyk binagärlik aýratynlyklary bilen beýleki döwletlerden hasam tapawutlanýar. Koreýanyň özüniň täsinligi bilen görenleri haýrana goýýan ençeme syýahatçylyk merkezleri bar:

1. «N» Seul başnýasy deňiz derejesinden 243 metr belentlikde ýerleşýän «Nan Şan» dagynyň çür başynda ýerleşýär. Şonuň üçin bu başnýa Nan Şan başnýasy hem diýilýär. Bu başnýada daş töweregi synlamak üçin niýetlenen sanly platforma, başnýanyň üçeginde bolsa, açyk platforma bardyr. Bu platformalardan Seulyň ajaýyp keşbine 360 gradusdan synlamak mümkin. Şeýle hem bu başnýa dünýä ýurtlarynyň aşhanasyna degişli bolan dürli garbanyşhanalary we güýmenje meýdançalyry öz içine alýar.

  1. «Jiň Fu» köşgi

«Jiň Fu» köşgi Koreýadaky bäş sany uly köşgüň iň ulusydyr. Ol Seul şäheriniň merkezinde ýerleşmek bilen, Koreýanyň «Gadagan şäheri»hökmünde tanalýar. «Jiň Fu» köşgi Seulyň demirgazygynda ýerleşeni üçin, oňa «Demirgazyk köşgi»hem diýilýär. Bu köşk Li dinastiýasy döwrüniň patyşa köşgi bolup, 1395-nji ýylda gurlupdyr.

  1. Miň Doň täjirçilik köçesi.

Miň Doň täjirçilik köçesi, söwda etmegi we dynç almagy halaýanlaryň iň köp gelim-gidimli ýerleriniň biridi. Bu köçe, Seulyň merkezinde ýerleşip, onda uly söwda we dynç alyş merkezleri, kafedir, restoranlar bar. Bu köçäniň iki gyrasyndaky kiçi dükanlarda bolsa, arzan bahadan dürli egin-eşikleri, aýakgaplary, bezeg-şaý seplerini satyn almak mümkin. Miň Doň täjirjilik köçesi daşary ýurtly jahankeşdeler tarapyndan hem köp gezelenç edilýär.

  1. Çiň Şi derýasy

Çiň Şi derýasy Seulyň günortasy bilen demirgazygyny berleşdirýän emeli derýadyr. Bu derýanyň ugrunda ýerleşýän binalar toplumlary, işewirlik merkezleri, seýilgähler şäheriň ajaýyp keşbini emele getirýärler. Çiň Şi derýasynyň iki kenary Seully ýaşaýjylaryň, oňa gelýän myhmanlaryň we daşary ýurtly syýahatçylaryň dynç alýan, gezim edýän ýeri bolmak bilen çäklenmän, eýsem ol Koreý tele-seriallaryň düşürilýän ýeri bolup hem hyzmat edýär.

  1. Gök köşk

Gök köşk (Blue House) Seulyň günbatar demirgazygynda, Jiň Fu köşgüniň bolsa demirgazygynda, arkasynda Bei Ýüe dagy, günortasynda Han Jiang derýasy ýerleşip, Koreýanyň prezidentiniň ýaşaýan we işleýän ýeridir. Muňa Gök köşk diýilmeginiň sebäbi, bu köşgüň üçeginde 150 müň Koreýanyň gök tuglasy bilen örtülipdir. Bu tuglalaryň 100 ýyldan gowrak taryhy bar. Gök köşk bir näçe köşklerden ybarat bolup, merkezinde esasy köşk ýerleşýär. Mundan başgada Ýaz we Bahar köşgi, myhman kabul edilýän köşk we ýaşyl seýilgäh bardyr. Gök köşkler toplumyny zyýarat etmek üçin bir aý öňünden internet arkaly nobata durmaly. Köşk öz gapylaryny zyýaratçylara her hepdäniň sişenbe we anna günleri giňden açýar.

  1. Ji Jou adasy

Ji Jou adasy Koreýanyň günbatar gündogaryndaky wulkanik bir adadyr. Ol üýtgeşik geografiki ýerleşişe we milli däp-dessurlara eýedir. Şeýle hem meşhur syýahatçylyk adasydyr. Ji Jou adasyndaky wulkan daglary we lagym gowagy, dünýäniň ýedi tebigy täsinliginiň biridir. Ji Jou adasy Koreýanyň Hawaýisi hem diýlip atlandyrylýar.

Taýýarlan: Ogulgurban ÇARYGULYÝEWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu