Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 10-12-nji noýabrynda paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2022” atly XV halkara sergisi we ylmy maslahaty ýokary derejede geçirildi.
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan çäre diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, sanly ulgam arkaly Aşgabatdan dünýäniň onlarça ýurdunda hem görkezildi.
Ýöriteleşdirilen forum Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň döredijilik, ykdysady taýdan yzygiderli ösüş ýolunda gazanan giň gerimli üstünliklerini görkezdi, şeýle-de bu ulgamda dünýä derejesinde iň täze işläp taýýarlamalary ulanmak babatda tejribe alyşmak boýunça meýdança öwrüldi. Oňa gatnaşmaga isleg bildirýänleriň sany ýylsaýyn artýar. Munuň özi dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşýan ýurdumyza ägirt uly gyzyklanmalar hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň amatly geljegi bilen şertlendirilendir. Munuň şeýledigine nobatdaky gözden geçirilişe 20-ä golaý ýurtdan wekiliýetleriň gatnaşmagy hem şaýatlyk edýär. Olar daşary ýurtlaryň dürli döwlet pudaklaýyn düzümlerine, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryna wekilçilik edýän ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürijiler we iberijiler, öňdebaryjy tehnologiýalary, hyzmatlary işläp düzüjiler, aragatnaşyk ulgamynyň we programma üpjünçiliginiň iri halkara operatorlarydyr. Şolaryň hatarynda Russiýanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Belarusuň, Azerbaýjanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Finlýandiýanyň, Gresiýanyň, Şweýsariýanyň, Saud Arabystanynyň we Awstraliýanyň wekilleri bar.
Sergä daşary ýurtlardan gatnaşyjylaryň köpüsiniň ýurdumyzyň telekeçilik düzümleri bilen işewür hyzmatdaşlyk etmekde eýýäm uly tejribesi bardyr. Olar pudaklaýyn düzümi döwrebaplaşdyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasynyň çäklerinde bilelikde sanly alyp görkezmegiň ölçeglerine geçmek, hyzmatlaryň ulgamyny hem-de maglumat serişdelerine elýeterliligi giňeltmek, elektron resminama dolanyşygy ulgamyny ornaşdyrmak işini amala aşyrýarlar. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda aragatnaşyk ulgamynyň dürli görnüşleriniň we maglumat tehnologiýalarynyň bazarynda öňdebaryjylar bolan «Thales Аlenia Space», «Nokia», «Huawei», «BHS», «LS TELCOM AG Heidelberger», «Hermes Datacommunications International Ltd», «Kazakhtelecom», «Delta telecom Ltd», «Transit Telecom», «AMD», «Comfone», «Eastwind» we beýlekiler bar. Aşgabat gözden geçirilişine işewür toparlar bilen birlikde, bu ulgamdaky hünärmenler, öňdebaryjy alymlardyr bilermenler hem uly gyzyklanma bildirdiler.
Sergi Diýarymyzyň aragatnaşyk, telekommunikasiýalar hem-de maglumat tehnologiýalar ulgamynda gazanan uly üstünlikleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Göwher TAHYROWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.