Siziň üçin...Slider

Suw degirmeni

13-11-2022 / 103

El degirmeninden tapawutlylykda suw bilen işledilýän degirmenler hem bolupdyr. Ol suwuň güýji bilen işläpdir.

Suw degirmeni birnäçe böleklerden ybarat bolupdyr. Olara peseň, körük, ýalakça, möhre, tekteki we nowça degişlidir. Bu enjamlaryň hersiniň aýratyn ýerine ýetirýän işi bolupdyr. Mysal üçin dänäni üwemekligi kadalaşdyrýan süýbege direg gerek bolupdyr. 50-60 santimetr uzynlykdaky ýasy agaç süýbegi galdyrmak üçin ulanylypdyr. Oňa peseň diýlipdir. Peseň agajyny geçirmek üçin körük peýdalanylypdyr. Harazçylar degirmeniň ululygyna laýyklykda 30-40 santimetr beýiklikde kesek örüpdirler. Onuň üstüne degirmeniň aşaky daşyny goýup, daş-töweregini samanly suwag bilen suwapdyrlar. Degirmen daşynyň ýokarky bölegini aýlamak üçin, demir ussalary polatdan ýogyn enjam ýasapdyrlar. Ony dik oturdypdyrlar. Oňa bürs diýlipdir. Edil el degirmenlerinde bolşy ýaly, suw degirmenlerinde hem bugdaýy guýar ýaly degirmeniň üstüne laýyklap gap ýasalypdyr. Onuň ýokarsy dörtburç, aşaky bölegi üçburç görnüşde bolupdyr. Ol guýgujyň hyzmatyny ýerine ýetiripdir. Oňa dol diýlipdir. Doldaky bugdaý degirmeniň herekete gelmegi bilen ýalakça kem-kemden guýlup durupdyr. Ýalakça bugdaýyň kadaly dökülmegini saklapdyr. Şeýle yzygiderlilikde bugdaý degirmeniň güýji bilen una öwrülipdir.

Suw degirmende möhräniň hyzmaty uludyr. Ol akyp gelýän suwuň perleriň üstünden guýulmagyny üpjün edipdir. Möhrä başgaça tokurtga hem diýilýär. Perler ýa-da ýelekler bolsa tokurtgadan inýän suwuň badyna aýlanyp, degirmeni herekete getiripdir.

Rejep ABDIKERIMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu