SliderŽurnalistiň sahypasy

Türkmene haram ýokmaz

13-11-2022 / 7

Türkmeniň gurşunly kenek ýaly agramly aýtgylarynyň arasynda «Ýüzüni görüp, halyny sorabermeli» diýlen bir söz bar. Ynsanyň bütin durkunyň keşbi jemlenýän mährem ýüzünden onuň saglygyny, keýpiçaglygyny, durmuş hal-ýagdaýyny hat-da häsiýetini hem kesgitläp bolýar diýýärler. Dury akabadan suwarylýan baglaryň ýapraklarynyň barha görklenip, ýalpyldaberşi ýaly, halal ýoldan ýöreýän adamlaryň hem özüne bolan ynamy, durmuşda tutýan orny, il-güne edýän haýyr-yhsany bilen ýüzünden nur dökülip durandyr.

Hikmetler bolsa ýöne ýere döräýenok. Edil gamyşlaryň bogunlaryndan suw içişi ýaly, ynsan kalbyny elendirip, bogunma-bogun söküp sapak berýän durmuş wakalaryndan emele gelýär. Halkymyzyň ganyna-janyna siňip giden arassa ýol-ýörelgelerini hiç bir döwürem, ömürem, dürli öwrümlerem üýtgedip bilenok. Şeýle oňlanýan milli edim-gylymlar her döwrüň özüne, talap-tagsyryna, huzur-magzuryna görä döräp, atadan  ogla, eneden gyza geçýär-de, daş ýüzüne nagyşlanan basma ýaly bolup galyberýär. Türkmeniň şan-şöhratyny Mahmyt Zamahşarynyň tymsallary, Jygalybegiň öwütleri, Magtymguly şahyryň şygyrlary bolup dünýä ýaýýar.

Şeýle tymsallaryň birinde ýedi ýyllap süriniň yzynda gezen çopan oglan bagtyny gözläp ýola düşýär. Lummurdap duran ene ýapdan akyp gelýän alýaňak almany suwy özüne çekip, elleri bilen «bäri gel» edýär-de bir dişleýär. Ony päki ýaly ýaş dişleri bilen külkä-de öwürýär. Ýöne bokurdagyndan geçiren dessine telek iş edenini duýýar. «Almany ösdürip ýetişdiren eýesini razy etmän dişledim welin, janyma noş bolarmyka?! Men bagbany razy etmegiň ugruna çykaýyn» diýip, ýola rowana bolýar. Iki bagdan geçip, üçünji erem bagyna baryp, ýaşy birçene barsa-da, bili bükülmedik, saçy agarmadyk bagbany tapýar. Alma eýesini razy etmek çopana aňsat düşmeýär. Ol bagbanyň gyzyna öýlenip, atasyny razy edýär. Şeýdibem ömürlik bagtyny tapýar. Bu ýerde halkymyzyň gaty çuňluklara uzaýan ruhy-ahlak pelsepesi ör-boýuna galýar. Halal ýoluň bagta ýetirýändigi baradaky çuň many-mazmun tymsalyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bagtyny gözläp çykan ýigit öz dogry häsiýeti bilen isleýşi ýaly akylly-başly, namysly-arly, eli işli, gylyk-häsiýetli gyza sataşýar.

Aýtgylaryň ýene biri halkymyzyň amanat zada garaýşy barada barýar. Der döküp gazanmadyk zadyny özüniňki hasaplaman, hak eýesine gowşurmak hakyndaky dogry ýol bilen ogul-gyzlaryny terbiýelemek isleýän halkymyz ýekeje galamy, ýüzügi, tahýany, halyçany, puly mysal hökmünde getirýär-de, oňa «amanat» diýip at berýär. Keseki zada eýe çykmagy, «saklagyn» diýlip, ynanylyp berlen islendik zady öz haýryňa ulanmagy unamaýar. Adamyň wagtlaýyn özüne ynanylan närsäni öz peýdasy üçin ulanmagyny hem «amanata hyýanat etmek» hasap edýär. Ony ýaş nesillere mysallaryň üsti bilen düşündirýär. Dünýä jahankeşdeleriniň türkmenler baradaky ýatlamalarynyň, ýazgylarynyň özeni ine, şeýle kysymly mysallardan durýar. Türkmen öňde-başda watansöýüjiligi, dost-ýara wepalylygy, dogruçyllygy, halallygy bilen taryha giren halkdyr.

Durdy AGAÝEW,
Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň harby gullukçysy, kapitan.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu