Türkmenistanyň innowasion ösüş ýoly ähli pudaklaryň hünärmenlerinden ýokary ussatlygy we ylym-bilim kuwwatynyň yzygiderli ösdürilmegini, ýagny oňat taýýarlykly hem-de döredijilikli pikir etmegi we döwrüň ylmy-tehniki gazananlaryndan erkin baş çykarmagy başarýan ýokary derejeli hünärmenleriň täze neslini terbiýeläp ýetişdirmegi talap edýär.
Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir. Bilim, terbiýe bermekde, hünär öwretmekde ata-babalarymyzyň göreldesine eýermek, geçmişe ser salmak ýaşlarda durmuşa bolan höwesi, hyjuwy artdyrýar. Medeniýet, ylym we bilim biri-biriniň üstüni ýetirýär, halklary birek-birek bilen baglanyşdyrýan hem-de ýakynlaşdyrýan gymmatlyk bolup durýar. Ylym we bilim adamzat jemgyýetini kämillige, medeniýet bolsa gözellige gowşurýar. Adamyň dünýägaraýşynyň gözelligi dürli sungat eserlerinde, çeper döredijilikde, edilýän işde hem-de sözleýişde ýüze çykarylýar.
Sözleýiş medeniýeti pikiri dilden aýtmakda-da, ýazyp beýan etmekde-de dil birliklerini edebi kadalara hem-de sözleýşiň maksadyna laýyklykda ýerlikli ulanmagy talap edýär. Sözleýiş medeniýetiniň talaplarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi bolsa döwrüň talabydyr. Iýip-içmegiň, geýinmegiň, özüňi alyp barmagyň edep kadalarynyň bolşy ýaly, pikiri dilden beýan etmegiň ikiçäk gürleşmek we köpçüligiň öňündäki çykyş görnüşleriniň-de hersiniň özüne mahsus medeniýeti bar.
Pikiri dogry, düşnükli hem täsirli beýan etmek sözleýiş medeniýetiniň merkezi meseleleridir. Munuň üçin bolsa edebi kadalarymyzyň, aýratynam, orfoepik kadalaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegi hökmandyr. Medeniýetlilik, dilewarlyk sungatyny öwrenmeklik hakykat ýüzünde tejribe toplamakdyr, ýagny ol diňe bilimleriň jemi däl-de, başarnyklaryň we endikleriň hem jemidir. Ýaşlarymyz okan döwründe, tejribeliklerde, durmuşyň her pursadynda alan bilimlerini, başarnyklaryny millilik bilen baglanyşdyrsalar, olarda Watana bolan söýgi, ertire bolan ynam, buýsanç häsiýetleri kemala geler.
Amangeldi ATAÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 3-nji ýyl talyby.