Geçmişde ata-babalarymyz çaga terbiýesine aýratyn ähmiýet beripdirler. Çagalaryny söýgi, mähir-muhabbet bilen gurşap, olaryň edepli-ekramly, ylymly-bilimli bolup kemala gelmegi üçin, gije-gündiz alada edipdirler. Çagalaryna halal zähmeti ündäpdirler.
Ene-atanyň çagasyna berip biljek iň uly baýlygy ýagşy edep we terbiýedir. Çaga nesibeli güni guş kimin ganat baglap öz höwürtgesini taşlap, özbaşyna höwürtge gurmak üçin, uçup gider. Çaganyň bir ganaty — edep, beýleki ganaty — ylym-bilim bolmalydyr. Çagalaryň durmuş asmanynda ynamly, howpsuz we erkin uçup bilmegi üçin, ene-atalaryň ylym we edep bermegi hökmandyr. Esasy zat jemgyýetde adamlar bilen ýagşy gatnaşykda boljak, abraýly, ahlakly, edepli, il-güne haýyrly şahsyýeti terbiýeläp kemala getirmekdir.
Ene-ata bagbana meňzemelidir. Oňat bagban ýeri gül-gülüstanlyga öwürýär. Nadan bagban bolsa, hor-harystanlyga öwürýändir. Ýaramaz maşgaladan ýagşy çaganyň, ýagşy maşgaladan ýaramaz çaganyň ýetişmegi hem seýrek duş gelip biljek hadysadyr. Egerde çaga ýagşy terbiýe alsa, ol hiç-haçan ene-atasyny ynjytmaz.
«Aslyna çekermiş ýüwrük, çamanlyk» diýlişi ýaly, maşgala gurmagyň maksady — ahlak arassalygyny goramak, halal we haýyrly nesli terbiýeläp ýetişdirmekdir. Sagdyn düşünjeli jemgyýet, sagdyn terbiýeli maşgalalardan gurulýandyr. Maşgala gurjak ýaşlar özüne: «Men maşgalany agzybir ekläp-saklamaga we çagalara dogry terbiýe bermäge taýýarmy?» diýen soragy özlerine bermelidirler. Öz ýagdaýyny gözden geçirip, şu ugurda ýazylan kitaplary okap, tejribeli hünärmenlerden, ýaşulular bilen maslahatlaşyp, özüni dowamly kämilleşdirmelidir. Her maşgalanyň gyssanan wagty ýüz tutýan ynamly lukmany bardyr. Beden saglygymyza üns berşimiz ýaly, ruhy saglygymyz, kämilligimiz üçin hem kynçylyk çekýän ýerimizde ýüz tutup biljek dana maslahatçymyz bolmalydyr. Bu ugurda esasy maslahatçy ene-atalar bolmalydyr.
Rahmet BEŞIMOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.