Daşoguz welaýatynyň daýhanlarynyň şaly öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada 11-nji noýabrda geçirilen Hökümetiň nobatdaky mejlisinde habar berildi.
Garaşsyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde uly ähmiýeti bolan şalynyň bereketli hasylyny ýetişdirmek ugrunda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda gaýratly zähmet çeken welaýatyň şalyçy daýhanlary guwandyryjy üstünlige eýe boldular. Has takygy, olar şonda şu ýylyň ekiş möwsüminde tohum taşlanylan 8100 gektar meýdandan 35 müň tonnadan gowrak şalyny Watan harmanyna goşup, bu baradaky meýilnamany abraý bilen berjaý etdiler.
«TürkmenGazet».