Siziň üçin...Slider

Ynsanperwerlik, ýagşylyk, haýyr

13-11-2022 / 16

Ynsanperwerlik — haýyr-sahawat etmek, ýagşylyk etmek ýaly ahlak kadalaryny özünde jemleýän giň düşünje.

Mukaddes Watany goramak,  döwlet  derejesinde goňşy ýurtlara zerur bolan halatynda hemaýat etmek, ykbalyň emri bilen ene-atalaryndan jyda düşen ýetim çagalara, maýyplara durmuş hajatlary üçin goldaw bermek ýaly giň  işler ynsanperwerlikden nyşandyr. Ynsanperwer häsiýetleri özünde jemleýän adamlaryň il içinde, adamlaryň arasynda abraýy uludyr.  

Ynsanperwerlik  ýagşylyk, birewe hemaýatyňy ýetirmek, haýyr işlere amal etmek ýaly düşünjeler bilen özara baglanyşyklydyr. Çünki, şeýle ynsan öz ynsanperwerligini ile-güne edýän ýagşylygy, haýyr işleri bilen amal edýär.

Ýagşylaryň mertebesi  «Ýagşyny görmek — jennet» diýen nakylda hem öz beýanyny tapýar. Ýagşy kişiler bilen baglanyşykly «Ýagşy ýigit ýol ýitirmez», «Ýagşydan at galar, ýamandan — set», «Ýagşydan hoş habar eşidiler», «Ýagşy ýigit deňi bilen» ýaly onlarça nakyllar döredilipdir.

Ynsanperwerlik ýörelgeleri, ýagşylyk etmek, ile-güne hemaýatyňy ýetirmek ýaly meseleler Gündogaryň beýik söz ussady, aryf-akyldar Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär.

Yhlas UZAKBERDIÝEW,
Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň harby gullukçysy, kapitan.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu