Käte köpleriň alkyşyny alýan adamlaryň biri bolmagyň esasy şerti başgalara ýagşylyk etmekdir diýip pikir edýärin. Ýöne käwagt adamlar, näme üçindir, tanamaýan adamlaryna ýagşylyk etmek islemeýärler. Belki-de, «düýbünden tanamaýan, gürleşip, gep-söz alşyp görmedik adamlarymyza näme üçin kömek etmeli?» diýmegiňiz ahmal. Dogry, biz olary tanaman bileris, olaryň nähili adamlardygy barada bizde hiç hili düşünje bolman biler. Şonuň üçinem biz ýagşy zatlary pikir edip, ähli zatlaryň, ilkinji nobatda, adamlaryň diňe gowy tarapyny görmäge synanyşmaly. Diňe şeýle hereket biziň başgalara ýagşylyk etmegimizi aňsatlaşdyrar. Adamlar barada erbet pikirde bolup, olar üçin elimizden gelen wagty ýagşylyk etmesek, belki bir gün biz olaryň kömegine mätäçlik duýarys. Az pursatdan pelegiň çarhyny kime sary aýlajagy mälim däl-ä. Bu gün bize gülüp bakan dünýä, belki ertir bize mätäç bolanlara tarap döner. Şonuň üçinem eger senden biri ýagşylyga garaşýan bolsa, ony hökman etmeli. Ol başga birine däl-de, saňa geldi, diýmek, onda saňa bolan ynam bar. Sen ol ynamy ödemäniň bilen, belki-de hiç zat bolmaz, ýöne eden kiçijik ýagşylygyň seni hem seniň abraýyňy göz ýeterden has beýgeltjekdigine welin şek-şübhe ýokdur. Ynsan ogluna almak aňsat, bermek kyn. Munuň adam tebigatyna mahsus häsiýetdigi hemmelere aýan. Ýöne ýagşylyk etmek, başgalara kömek bermek, baryňy gaýgyrmazlyk ýaly duýgular ynsanlygyň tämiz nusgasyny kemala getirmekligiň we hakyky baýlyga ýetmegiň göze görünmeýän inçe syrlaryny özünde jemleýär. Pederlerimiz hem: «Beren el, alan elden üstündir» diýmeýärmi näme?!
Ýagşylyk etmek, gowy niýetli, hoş sözli bolmak örän inçe, näzik sungat. Şol sungaty kämil ele almaklygyň syry bolsa ýüregiňi, pikirleriňi we duýgularyňy tämizlemekden başlanýar. Ýagşylyk ýüreklerimizi ýaz edip, ýaşaýşymyzy ýagtyldýar. Ýagşylyk etmek bizi uçgyraksyz bagta ýetirýär. Pikirleriň we duýgularyň saplygy ruhy dünýämizi gözelleşdirýär. Şonuň üçin hem hiç haçan adamlara ýagşylyk etmekden ýadamaly däl, çünki näçe ýagşylyk etseň, özüňe-de şonça ýagşylyk gaýdyp gelýär. Aslynda-ha, başarsaň ony yzyna hiç hili ýagşylyk tamakin bolmazdan etmeli. Parasatly ata-babalarymyz: «Ýagşylyk et-de derýa at, balyk biler, balyk bilmese, Halyk biler» diýen ajaýyp jümläni ýöne ýerden miras galdyrmandyrlar-a. Bu gün birine ýagşylyk edip, ertir ondan bir zada tamakin bolmak, eden ähli azaplaryňy puça çykarmakdyr. Eger garaşmagy başarsaň, bu gün bolmasa ertir eden ähli gowy işleriň özüňe gaýdyp gelýär. Bu barada şahyr Gurbannazar Ezizow şeýle belleýär:
Ýöne eden ýagşylygyň iru-giç
Gaýtargysyn talap edäýseň eger,
Unudaýma, soňky demiňe deňiç
Seniň haýryň ýigdiň bogazyn bogar
ýa-da
Çünki haýyr işiň gaýtargysy ýok,
Ol kersen däl, goňşokara daşara.
Başda belleýşimiz ýaly, ýagşylyk ýürekden edilende ajaýypdyr. Eden ýagşylygyňy dile almak, öwünmek bolsa päk ahlaklyga laýyk däldir. Şonuň üçin ony dogry ýerine ýetirip, öz-özümizi terbiýelemeli. Ony ömrümiziň gysgajyk pursatlaryna siňdirmeli. Wagt geçer, eden ýagşylygyň, alkyşa laýyk işleriň, adyň we abraýyň ebedi galar. Kerwen gurap geçýän ýyllar seni ýagşylykda ýatladar.
Jemal HALYKOWA,
Çärjew etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň mugallymy.
ajaýyp