Habarlar

Aýdym-saz ulgamynda gazanylýan ylmy üstünlikler

10-11-2022 / 9

Şeýle at bilen şu gün Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda aspirantlaryň we doktorantlaryň okuw-usuly maslahaty geçirildi.

Okuw-usuly maslahaty Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ylmy-döredijilik işleri boýunça prorektory Ý.Rejepowyň söz sözlemegi bilen başlandy. Soňra sazyň nazaryýeti kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Şemşat Annagylyjowa, dosent, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Ýelena Osipowa, halk saz gurallary kafedrasynyň müdiri, dosent, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Muhammet Gapurow, sazyň taryhy kafedrasynuň mugallymy Gülnabat Ataýewa dagylar taýýarlan ylmy makalalary bilen çykyş etdiler. 

        «Täze eýýamyň Galkynyşy döwründe aýdym-saz ulgamynda gazanylýan ylmy üstünlikler» atly aspirantlaryň we doktorantlaryň okuw-usuly maslahatynda edilen çykyşlar juda gyzykly we özüne çekiji boldy. Halypa mugallymlar özleriniň biri-birinden täsirli çykyşlarynda türkmen kinofilmlerinde sazyň eýeleýän orny, türkmen  kompozitorlarynyň halk saz döredijiligi bilen baglanyşygy, olaryň stil aýratynlygy, meşhur sazandalaryň we kompozitorlaryň bu ugruň ösmegine goşan ägirt uly goşantlary dogrusynda gymmatly pikirleri beýan etdiler.

Laçyn HUDAÝBERDIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aspiranty.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu