Şu ýylyň 1 — 5-nji noýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde türki dünýäniň «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly geçirildi. Oňa Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Türkmenistan, Gyrgyzystan, şeýle-de Özbegistan we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy ýaly birnäçe ýurtlardan kinorežissýorlar, artistler we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Halkara kinofestiwalyň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşan ýurtlaryň wekillerine ýörite baýraklar, şol sanda festiwalyň çäginde geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan filmlere hem baýraklar gowşuryldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Biziň döwletimizden wekilçilik eden döredijilik toparyna festiwalyň guramaçylarynyň «Türki halklaryň medeniýetine goşýan goşandy üçin» atly ýörite baýragy, şeýle-de Arslan Eýeberdiýewiň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen «Istärin» filmine «Tomaşaçylar tarapyndan iň halanan film» atly halkara baýrak gowşuryldy.
«TürkmenGazet».